BAŞ SAHYPA

     5-nji dekabrda bütin dünýäde, ynsanperwer haýyr-sahawat işini meýletin ýerine ýetirýän ähli dünýädäki adamlaryň köp sanlysynyň bitiren hyzmatlaryna hormat goýmak we tassyklamak hökmünde meýletinçileriň gününi belleýärler. Gyzyl ýarym aýyň müňlerçe adamlara kömek edýän ähli ýagşylyklary, gönüden-göni meýletinçiler bilen baglanşyklydyr.  Ol pul sylagyna isleg bildirip edilmän, ýagşylyk etmek isleginden gelip çykýan tölenmeýän, meýleitn zähmet bolup durýandygyna seretmezden – Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti meýletinçileri sylagsyz galdyrmazlyga ymtylýar.  
     2015-nji ýylyň 9-njy dekabryndan 11-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň ähli ýerlerinden bolan 30 sany meýletinçi üçin Meýletin Forum geçirildi. Çäre Aşgabat şäherinden uzak bolmdyk Gök-Derede geçirildi. Meýletin Forumyň Dabaraly bölüminde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarym aýynyň işgärleri meýletinçilere guramanyň işine bahasyz goşant bolup durýan uly ýardamy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler. Bilim maksatnamasy taýýarlandy, ol öz içine ilkinji lukmançylyga çenli kömek bermek boýunça seminary we dürli master klasslary aldy, onda meýletinçiler işiň dürli ugurlary boýunça tejribe alyşyp bildiler. Amaly türgenleşik hökmünde film topar ulanyldy, onda meýletinçiler dürli keseller hakynda filme tomaşa etdiler we ara alyp maslahatlaşdylar. Meýletin Forum çekişmeler, bähbitleri, meseleleri we üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança boldy. Öýlän wagty gyzykly konkursly medeni maksatnama işlenildi, onuň barşynda Türkmenistanyň dürli welaýatlaryndan bolan meýletinçiler bir birleri bilen bilelikde hereket etdiler. Bu ajaýyp baýramçylyk üçin ýörite sargyt edilen süýji tort garaşylmadyk ýakymly sowgat boldy. Bu duşuşyk „Bilelikde saglygyň hatyrasyna“ (USAID) taslamanyň goldawy sebäpli mümkin boldy.
     Meýletin forum tamamlandy, ýöne ol: umumy iş bilen meşgul bolan täze dostlary edinmek, Tükmenistanyň Gyzyl Ýarym aý Milli jemgyýetini meýletinçiler hereketini ösdürmek liderleri ýüze çykarmak, goldamak, okatmak we motiwirlemek ýaly maksatlara ýetmäge ýardam berdi. Meýletinçileriň bitiren hyzmatlarynyň şeýle tassyklanmagy, elbetde soňrada adamlaryň bähbidine işlemek üçin uly howes döretdi.   

   

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyun 2022
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 31 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 1 2 3
5854912
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
405
1707
59983
57756
5854912

Siziň IP: 44.192.47.87
2022-06-28