Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatlylyk bilen ýöredýän içeri we daşary syýasatlarynyň netijesinde ýurdumyz göreni haýran galdyryp günsaýyn ösýär. Ýurt baştutanlarymyzyň türkmen halkynyň saglyk goraglylygyny, durmuş üpjünçiligini kämil derejede ösdürmek, bagtyýar, eşretli zamanada ýaşatmak ugrunda alyp barýan döwlet, terbiýeçilik ähmiýetli tutumly wezipelerine goşant edip Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Halaç etrabyndaky wekili dürli jemgyýetçilik guramalaryň, saglygy goraýyş we bilim işgärleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň jogapkär işgärleri bilen bilelikde çagalar baglaryndan başlap orta we ýokary okuw jaýlarynda, görnüşine garamazdan ähli edara-guramalarda, zawod-fabriklerde duşuşyklar gurnap, wagyz-nesihat, düşündiriş işleri yzygiderli geçirip gelýär. Şu günlerde Halaç etrabynda ýerleşýän 8-nji, 17-nji, 6-njy, 14-nji, 5-nji, 13-nji we 16-njy orta mekdeplerinde bilim işgärleriniň hem-de okuwçylaryň gatnaşmagynda geçirilen çärelerde halkymyzyň asuda ýurdumyzda bagtyýar ýaşamagy, türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, ruhy we ahlak taýdan arassa, watansöýüji, medeniýetli, ynsanperwer adamlar bolup ýetişmekleri üçin watan mukaddesligi, milli däp-dessurlarymyzyň uly hormat bilen ýöredilmegi, gyz-gelinleriň milli lybasda geýinip, ony has-da kämil derejä ýetirmegi, edep-terbiýe, ýaş neslimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmekleri, häzirki zaman ösüşe laýyk gelýän bilimleriň esaslaryny ele almaklary, ekologiýa medeniýetine ünsi güýçlendirmek, sportuň, türkmen sungatynyň jümmüşine aralaşyp, ony gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz halyna getirmek, şeýle-de zyýanly endiklerden daşda durmak we ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak barada täsirli çykyşlar edildi.

