BAŞ SAHYPA

2026-njy  ýylyň  awgust  aýynyň 21-ne  TGÝMJ-niň  tertipnamsyna  laýyklykda nobatdaky 17-njy  Merkezi  geňeşi geçirildi. TGÝMJ-iň   Geňeş  agzalary  2026-njy  ýyl  üçin jemgyýetiň  wajyp  meselelerine  seredildi.   Arkadag şäheriniň  we  welaýat bölümleriniň 2026-njy  ýylyň ýarym ýyllyk  hasabaty  bilen  çykyş  etdiler,  Birnäçe   soraglary  ara  alyp  maslahatlaşyldy geçirlen geňeşde degişli  kararlar  kabul  edildi. 

Günüň  ikinji ýarymynda “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda  ýurdumyzda  geçirljek  Halk maslahaty barada jemgyýetiň işgärleriniň we meýletinçileriň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

  

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Sentyabr 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
31 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 1 2 3 4
24236687
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8405
13036
62594
418619
24236687

Siziň IP: 216.73.216.136
2026-09-05

Связь с нами