BAŞ SAHYPA

2026-njy ýylyň 25-nji awgustynda Türkmebaşy etrabynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli orta mekdep mugallymlary üçin tematiki leksiýa geçirildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrap  bölüminiň wekilli  guramaçy we esasy çykyş ediji hökmünde çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi we milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin şertleri döretmekde garaşsyz döwletiň bahasyna ýetip bolmajak ornuny nygtady. Ýaş nesli ynsanperwerlik, ýokary ahlak gymmatlyklary we Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bilim işgärleriniň roluna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň gatnaşyjylary mekdep bilen TGÝMJ-niň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini, ilkinji kömegi we sosial kömegi wagyz etmekde bilelikdäki başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk açyk gepleşik görnüşinde geçirildi we baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek üçin güýçli itergi berdi.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
24329528
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
9781
20475
155435
418619
24329528

Siziň IP: 216.73.216.156
2026-09-10

Связь с нами