BAŞ SAHYPA

 

 

 

 

2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» ylmy-ensiklopedik kitabynyň täze, nobatdaky XVIII jildiniň neşir edilmegini jemgyýetiň işgärleriniň we meyletinçilerniň, myhmanlarynyň arasynda tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.

Düýpli ylmy-ensiklopedik işiň täze jildi, däp bolşy ýaly, “Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy” hem-de “Maglumatnama” diýen iki bölümden ybaratdyr. Kitabyň baplarynda gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan mukaddes topragymyzyň dag-düzlerinde bitýän dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklary barada doly we düýpli maglumatlar berilýär.

Geçirilen dabanyň çäginde jemgyýetiň işgärleriniň we meýletinçileri üçin aýratyn täsirli amaly bölek hem guraldy. Ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň köküniň, miwesiniň dermanlyk häsiýetleri barada giňişleýin düşündiriş işleri alnyp barlyldy. Şeýle-de dabara gatnaşyjylara kitaptaky reseptler esasynda dürli dermanlyk ösümlikler demlenip hödürlendi.

Bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ylmyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk bejeriş-sagaldyş tejribesi hem-de däpleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi. Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary hem türkmen tebigaty bilen tanyşdyrmaga uly ýardam eder. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullaryny we saklamagyň möhletlerini özünde jemleýär.

Hormatly Arkadagymyzyň Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi esasynda döreden “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly eseriniň nobatdaky jildi hem ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda ylym-bilim, ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek, lukmançylyk ylmynyň döredijilik kuwwatyny artdyrmak babatda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri beýan edildi.

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
25201411
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6464
26052
431641
595677
25201411

Siziň IP: 216.73.216.69
2026-10-20

Связь с нами