Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde “Suw we sanitariýa” Wash ady bilen täze taslama öz işine başlady. Türkmenistanyň 11 serhetýaka etraplarynda amala aşyrylýan jemgyýetiň köpýyllyk, giňden ornaşdyrylan taslamasy bolan “Jemgyýetçilik saglygy goraýyşy we ilkinji kömek” taslamasynyň çäginde suw we sanitariýa meselelerini göz öňünde tutup, täze taslama üstünlikli ýerine ýetirilýär. Wash taslamasyny durmuşa geçirmekde, PHAST (jemgyýetiň gatnaşmagynda arassaçylygy we sanitariýany gowulandyrmak) usuly ulanylar. Bu usul ilatyň sanitariýa we gigiýena ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak wagyz –nesihat işinde ulanylar. PHAST usulyny öwretmek üçin Aşgabat şäheriniň Aşgabat myhmanhanasynda maý aýynyň 12-17 –i aralygynda okuw trening geçirildi. Trening Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Federasyýasynyň eksperty Rebekka Kabura alyp bardy. Wash taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we ýerli dolandyryş edaralaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda amala aşyrylar. Şonuň üçin olaryň wekilleri şol treninga bilelikde gatnaşdylar we 6 günüň dowamynda geçirilen okuw –maslahatynda PHAST –yň usullary we gurallary öwrenildi. Geljekde Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda we Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda işleýän jemgyýetiň meýletinçileri üçin okuwlar gurnalmaly. Bu iki etrap taslamanyň ýerine ýetirijileri tarapyndan saýlandy we synag taslama hökmünde ýerine ýetiriler. Meýilleşdirilen Işiň üstünlikli amala aşyrylmagy Wash taslamasynyň beýleki etraplara hem girizilmegine uly itergi berer. Häzirki döwürde taslamanyň üstünde işleýän jogapkär hünärmenler, işi ýerine ýetirmek üçin degişli gollanmalary we görkezme esbaplary taýýarlaýarlar. Taslama 12 aýa niýetlenen.