Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hakynda K A N U N Y

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 3-4, 108-nji madda)

 Şu Kanun Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işiniň hukuk esaslaryny, şeýle hem ýörelgelerini, wezipelerini, hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara hereketi - ynsanperswerlik işini has netijeli amala aşyrmak maksady bilen, Gyzyl Hajyň Halkara Komitetiniň, ol tarapyndan ykrar edilen Gyzyl Haç ýa-da Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň, şeýle hem Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň arasyndaky hemişelik arkalaşykly hereketiniň guramaçylyk görnüşi;

2) Gyzyl Hajyň Halkara Komiteti - maksatlary we wezipeleri diňe ynsanperwer häsiýete eýe bolup, ýaragly çaknyşyklar zerarly ejir çeken adamlaryň janyny we mertebesini goramakdan we olara kömek bermekden ybarat bolan halkara gurama;

3) Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara konferensiýasy - Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara hereketiniň düzüm bölekleriniň wekilleriniň we 1949-njy ýylyň 12-nji awgustyndaky Ženewa konwensiýalaryna (mundan beýläk - Ženewa konwensiýalary) we olara degişli 1977-nji ýylyň 8-nji iýunyndaky Goşmaça teswirnamalara (mundan beýläk - Goşmaça teswirnamalar) gatnaşyjy döwletleriň wekilleriniň halkara konferensiýasy;

4) Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy - Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň ynsanpenwerlik işini halkara derejesinde utgaşdyrmak maksady bilen döredilen we Gyzyl Hajyň Halkara Komiteti tarapyndan ykrar edilen, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň ählisini öz içine alýan hökümete dahylsyz halkara ynsanperwer gurama.

2-nji madda. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti

1. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti (mundan beýläk - Jemgyýet) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hem-de Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara hereketiniň ýörelgeleri esasynda öz işini ýurduň bütin çäginde amala aşyrýan Türkmenistandaky ýeke-täk, özbaşdak jemgyýetçilik guramasy diýlip ykrar edilýär.

2. Jemgyýet Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara hereketine girýän guramadyr we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň agzasydyr.

3. Jemgyýet şu Kanunda we Tertipnamasynda göz öňünde tutulan maksatlaryny we wezipelerini ýerine ýetirmek üçin özüniň ýerli bölümlerini (şahamçalaryny) döredýär.

4. «Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti», «TGÝMJ» we «Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaýy» diýen atlar manydaşdyr.

5. Jemgyýet ýurtda amala aşyrylýan ynsanperwerlik işlerde döwlet edaralaryna ýardam berýär.

3-nji madda. Jemgyýet hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygy

1. Jemgyýet hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we "Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyndan, şu Kanundan, Jemgyýetiň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

4-nji madda. Jemgyýetiň hukuk derejesi

1. Jemgyýet - meýletin, öz-özüni dolandyrýan, täjirçilik däl, agzalyga we meýletinlige esaslanýan, adamlaryň janyny we saglygyny goramak, durmuş taýdan kömek bermek, adatdan daşary ýagdaýlaryň netijesinde ejir çeken adamlara kömek bermek, Ženewa komwensiýalaryndan we olara degişli Goşmaça teswirnamalardan gelip çykýan wezipeleri çözmekde hyzmatdaşlyk etmek, halkara ynsanperwerlik hukugyny we Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara hereketiniň esas goýujy ýörelgelerini wagyz etmek, şeýle hem saglygy goraýyş babatynda ilata aň-bilim bermek işlerini amala aşyrmak üçin, bähbitleriniň umumylygy esasynda raýatlaryň başlangyjy boýunça, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döredilen jemgyýetçilik birleşigidir.

2. Jemgyýet ýuridik şahsdyr, ol özüne degişli ähli emlägi bilen öz borçnamalary boýunça jogap berýär. Jemgyýetiň guramaçylyk-hukuk görnüşi jemgyýetçilik guramadyr.

3. Jemgyýet Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň bank edaralarynda hasaplaşyk, walýuta we beýleki hasaplary açmaga, bu hasaplar boýunça amallary amala aşyrmaga, öz işinde öz ady görkezilen möhri, möhürçeleri we başga rekwizitleri ulanmaga hukuklydyr.

4. Jemgyýetiň daşary ýurt döwletleriniň Gyzyl Ýarymaý we Gyzyl Haç milli jemgyýetleri we halkara ynsanperwerlik jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde olar bilen ylalaşyklary baglaşmaga hukugy bardyr.

5. Jemgyýetiň ýuridik şahs hökmünde hukuga eýe bolmagy Türkmenistanyň Adalat ministrliginde onuň döwlet belligine alnan we ýuridik şahslaryň Ýeke-täk döwlet sanawyna girizilen pursadyndan başlanýar.

6. Jemgyýetiň baýdaklary, nyşanlary we beýleki tapawutlandyryjy belgileri bolup biler. Jemgyýetiň nyşany Jemgyýetiň gurultaýynda tassyklanylýar.

5-nji madda. Jemgyýetde agzalyk

1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň beýik maksatlaryny goldaýan Türkmenistanyň raýatlary, haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine garamazdan, Jemgyýetiň agzalary bolup bilerler. Bu hukuk erkin, haýsy-da bolsa bir deslapky rugsat almazdan, amala aşyrylýar.

2. Agzalyga kabul etmegiň we agzalygy bes etmegiň, şol sanda agzalykdan çykmagyň we çykarylmagyň tertibi hem-de şertleri Jemgyýetiň Tertipnamasy bilen kesgitlenilýär.

6-njy madda. Jemgyýetiň işine gatnaşyjylar

1. Jemgyýetiň maksatlaryny, wezipelerini, işiniň esasy ugurlaryny ýa-da anyk çärelerini goldaýan raýatlar we ýuridik şahslar - Türkmenistanyň jemgyýetçilik birleşikleri Jemgyýetiň işine gatnaşyjylar bolup bilerler.

2. Jemgyýetiň we onuň bölümleriniň (şahamçalarynyň) işine gatnaşmak, Jemgyýet we onuň degişli bölümleri (şahamçalary) hem-de her bir gatnaşyjy bilen aýratynlykda Jemgyýetiň Tertipnamasyna laýyklykda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakynda şertnama (ylalaşyk) esasynda amala aşyrylýar.

7-nji madda. Jemgyýetiň Tertipnamasy

1. Jemgyýet öz Tertipnamasyny, gurluşyny we özüniň bölümleri (şahamçalary) hakyndaky Düzgünnamalary özbaşdak işläp taýýarlaýar we tassyklaýar, şeýle hem öz işini guraýar, ýygnaklary, konferensiýalary, gurultaýlary we beýleki degişli çäreleri geçirýär.

2. Jemgyýetiň Tertipnamasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Jemgyýetiň gurultaýynda tassyklanylýar.

3. Jemgyýetiň Tertipnamasy şu aşakdakylary göz öňünde tutmalydyr:

1) Jemgyýetiň ady, maksatlary we wezipeleri;

2) Jemgyýeti döretmegiň, Jemgyýete agzalyga kabul etmegiň we agzalygy bes etmegiň tertibi we şertleri, agzalaryň hukuklary we borçlary;

3) Jemgyýetiň öz işini amala aşyrýan çägi;

4) Jemgyýetiň guramaçylyk gurluşy, onuň ýolbaşçy we gözegçilik-derňew edaralary;

5) Jemgyýetiň ýolbaşçy edaralaryny döretmegiň tertibi we ygtyýarlyklary, olaryň ygtyýarlyk möhletleri;

6) Jemgyýetiň hemişelik hereket edýän ýolbaşçy edarasynyň ýerleşýän ýeri;

7) Jemgyýetiň ýolbaşçy edaralarynyň maslahatlaryny bellemegiň we olar tarapyndan çözgütleri kabul etmegiň tertibi;

8) Jemgyýetiň pul serişdelerini we beýleki emläklerini emele getirmegiň çeşmeleri, Jemgyýetiň we onuň düzüm birlikleriniň emlägi dolandyrmak boýunça hukuklary we borçlary;

9) Jemgyýetiň Tertipnamasyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmegiň tertibi;

10) agzalyk töleglerini tölemegiň tertibi;

11) Jemgyýeti ýatyrmagyň, üýtgedip gurmagyň, işini bes etmegiň tertibi, şeýle hem ol ýatyrylandan soňra galýan emlägi paýlamagyň tertibi.

4. Tertipnamada Jemgyýetiň işine degişli bolan, Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän beýleki düzgünler hem bolup biler.

8-nji madda. Jemgyýetiň işiniň esasy ýörelgeleri

1. Jemgyýet adamyň we raýatyň haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine garamazdan hiç hili kemsitmelere ýol bermän öz işini amala aşyrýar, şeýle hem Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara hereketiniň (mundan beýläk -Hereket) ynsanpenwerlik, tarapgöýsüzlik, bitaraplyk, garaşsyzlyk, meýletinlik, ýeketäklik, köptaraplylyk ýaly esas goýujy ýörelgelerine gollanýar.

2. Türkmenistanyň döwlet edaralary, guramaçylyk-hukuk görnüşine we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan başga ýuridik şahslar, şeýle hem fiziki şahslar Jemgyýetiň şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýörelgelere ygrarlydygyny hormatlamaga borçludyrlar.

9-njy madda. Jemgyýetiň maksatlary we wezipeleri

1. Jemgyýet mätäç adamlara ynsanperwerlik, lukmançylyk-durmuş, dikeldiş we gaýry kömekleri bermek maksady bilen döredilendir.

2. Jemgyýet özbaşdak, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen arkalaşykly hereket edip, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şu wezipeleri ýerine ýetirýär:

1) Türkmenistanyň döwlet edaralaryna ynsanperwerlik işinde ýardam edýär;

2) Ženewa konwensiýalaryndan we olara degişli Goşmaça teswimamalaryndan gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň döwlet edaralaryna ýardam berýär;

3) Türkmenistanyň çäginde döwlet we milli maksatnamalary, ilatyň saglygyny goramak, şol sanda adamlaryň jebrini ýeňilleşdirmäge we ilatyň dürli gatlaklaryna kömek bermäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmaga gatnaşýar, şeýle hem bilim, saglygy goraýyş we durmuş goraglylygy babatynda öz maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

4) Türkmenistanyň çäginde adatdan daşary ýagdaýlar netijesinde ejir çekenlere kömek bermäge gatnaşýar;

5) Gyzyl Hajyň Halkara Komitetiniň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň, daşary ýurt döwletleriniň Gyzyl Haç ýa-da Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetleriniň üsti bilen daşary ýurt döwletlerinde adatdan daşary ýagdaýlar netijesinde ejir çeken adamlara kömek berýär;

6) halkara ynsanperwerlik hukugy, Hereketiň ýörelgeleri we maksatlary boýunça bilimleri wagyz edýär;

7) Hereketiň ýörelgelerinden we maksatlaryndan gelip çykýan, Türkmenistanyň kanunçylygyna, şeýle hem Jemgyýetiň Tertipnamasyna laýyk gelýän gaýry wezipeleriň ýerine ýetirmegini üpjün edýär.

10-njy madda. Jemgyýetiň işiniň esasy ugurlary

Jemgyýet öz wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şulary amala aşyrýar:

1) arassaçylygy wagyz etmäge, lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endiklerini, näsaga öýünde seretmegiň tärlerini öwretmäge gatnaşýar, bu ugurdan degişli gulluklary döredýär we hünärmenleri taýýarlaýar, raýat goranyşynyň birikmelerine girýän adamlary taýýarlamaga gatnaşýar;

2) bejeriş maksatlary üçin muzdsuz gan tabşyrmagy ilatyň arasynda wagyz etmek arkaly donorlygy guramaga gatnaşýar;

3) kömege mätäç adamlara lukmançylyk-durmuş kömegini bermäge gatnaşýar;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda näsaglary bejermek üçin gerek bolan saglygy goraýyş maksatly önümleri we derman serişdelerini Jemgyýetiň dermanhana ulgamy arkaly ýerleşdirmek işini amala aşyrýar, ilatyň dürli gatlaklary üçin lukmançylyk-durmuş hyzmatlaryny ýerine ýetirýär;

5) zerur halatlarda, bosgunlara we ilatyň dürli gatlaklaryna kömek bermek üçin ýörite gulluklary döredýär;

6) nam-nyşansyz ýitenleri gözlemegi amala aşyrmak maksady bilen gözleg gullugyny döredýär, ýaragly çaknyşyklar, adatdan daşary ýagdaýlar netijesinde we parahatçylykly döwürde biri-birinden aýra düşen maşgala agzalarynyň arasynda gatnaşygy dikeltmek boýunça maglumat kömegini berýär, maşgalalaryň täzeden birleşmegine ýardam edýär;

7) Gyzyl Hajyň Halkara Komitetinden, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasyndan, daşary ýurt döwletleriniň Gyzyl Haç ýa-da Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetlerinden we başga çeşmelerden gelip gowuşýan ynsanperwerlik kömegini kabul etmegi, saklamagy we paýlamagy guraýar;

8) Türkmenistanda ýa-da daşary ýurt döwletlerinde adatdan daşary ýagdaýlar netijesinde ejir çeken adamlara kömek bermek maksady bilen, Türkmenistanyň ilatynyň we ýuridik şahslaryň arasynda haýyr-sahawat kömegini ýygnamagy guraýar;

9) adatdan daşary ýagdaýlar netijesinde ejir çeken adamlara kömek bermek maksady bilen Gyzyl Hajyň Halkara Komiteti, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy, daşary ýurt döwletleriniň Gyzyl Haç ýa-da Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetleri bilen hyzmatdaşlyk edýär, Türkmenistanyň çäginde we onuň çäginden daşarda ynsanperwerlik işini amala aşyrmakda ol guramalara kömek berýär;

10) Ženewa komwensiýalaryna laýyklykda maddy-tehniki binýady döredýär, sorag-jogap gullugynyň işini guramak üçin hünärmenleri taýýarlamagy amala aşyrýar;

11) halkara ynsanperwerlik hukugy we Hereketiň esas goýujy ýörelgeleri hakyndaky bilimleri Türkmenistanyň ilatynyň arasynda wagyz etmek boýunça işi amala aşyrýar;

12) Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dürli derejelerinde halkara ynsanperwerlik hukugyny ornaşdyrmakda döwlet edaralaryna ýardam edýär;

13) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde, Hereketiň esas goýujy ýörelgelerine laýyklykda döwlet edaralarynyň çözgütlerini işläp taýýarlamaga gatnaşýar;

14) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde jemgyýetçilik durmuşynyň meseleleri boýunça başlangyçlar bilen çykyş edýär we döwlet edaralaryna teklipleri berýär;

15) Hereketiň halkara we sebitleýin maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge gatnaşýar;

16) neşir etmek we ylmy-barlag işlerini amala aşyrýar;

17) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Ženewa konwensiýalary we olara degişli Goşmaça teswirnamalary, şeýle hem şu Kanun we Jemgyýetiň Tertipnamasy bilen onuň üstüne ýüklenilen başga wezipeleri ýerine ýetirýär.

11-nji madda. Jemgyýetiň halkara hyzmatdaşlygy

1. Jemgyýet şu Kanunda göz öňünde tutulan öz maksatlaryna we wezipelerine, şeýle hem işiniň esasy ugurlaryna laýyk gelýän işleri amala aşyrmak maksady bilen, Gyzyl Hajyň Halkara Komiteti, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy we beýleki halkara ynsanperwerlik guramalary, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetleri bilen hyzmatdaşlyk edýär.

2. Jemgyýet Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna, Hereketiň çäklerinde kabul edilen resminamalara we maksatnamalara laýyklykda amala aşyrylýan halkara ynsanpenwerlik işine gatnaşýar.

12-nji madda. Jemgyýetiň nyşany

1. Jemgyýetiň nyşany onuň ak ýerliginde «Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti» diýen sözler ýazylan gyzyl ýarymaýyň şekilidir.

2. Jemgyýetiň nyşany (kiçeldilen möçberlerde) tapawutlandyryjy nyşan hökmünde şu aşakdaky ýagdaýlarda:

1) Jemgyýetiň ulanýan binalarynda (binalaryň üçeginden özge ýerlerde) we jaýlarynda, oňa degişli ulag serişdelerinde, şeýle hem Jemgyýete degişli islendik emlägiň saklanylýan ýerlerinde;

2) Jemgyýet öz işini amala aşyranda, dabaraly, köpçülikleýin çäreler (Jemgyýetiň işi bilen ilaty tanyşdyrmak, halkara ynsanpenwerlik hukugy we Hereket hakynda bilimleri wagyz etmek) geçirilende;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Jemgyýet tarapyndan goýberilýän habar beriş we başga çap edilýän önümlerde, şeýle hem onuň tarapyndan ýa-da onuň buýurmasy bilen taýýarlanylýan önümlerde;

4) Jemgyýet tarapyndan iberilýän ynsanpenwerlik ýükleriniň ýüzüne geçirmek bilen;

5) Jemgyýetiň agzalary, onuň işgärleri, şeýle hem Jemgyýetiň rugsat bermegi bilen onuň işine gatnaşyjylar tarapyndan ulanylyp bilner.

13-nji madda. Jemgyýet tarapyndan Gyzyl Ýarymaý nyşanynyň ulanylmagy

Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryny, tapawutlandyryjy duýduryjylaryny, şeýle hem «Gyzyl Ýarymaý» we «Gyzyl Haç» diýen atlaryny ulanmagyň we goramagyň tertibi Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl hajyň nyşanlaryny ulanmak we goramak meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

II BAP. JEMGYÝETIŇ TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET EDARALARY BILEN ARKALAŞYKLY HEREKETI. JEMGYÝETIŇ DÖWLET TARAPYNDAN GOLDANYLMAGY

14-nji madda. Jemgyýetiň Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen arkalaşykly hereketi

1. Jemgyýet öz Tertipnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen arkalaşykly hereket edýär.

2. Jemgyýet Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen arkalaşykly hereketde bolup, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we usullaryny kesgitleýän ylalaşyklary we şertnamalary baglaşyp biler.

3. Jemgyýet we onuň düzüm birlikleri, Türkmenistanyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde özüniň şu Kanunda göz öňünde tutulan maksatlaryna we wezipelerine, şeýle hem işiniň esasy ugurlaryna laýyk gelýän işi amala aşyrmaga gatnaşýarlar.

4. Döwlet edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň Jemgyýetiň işine goşulmagyna, şonuň ýaly-da Jemgyýetiň döwlet edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň işine goşulmagyna Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlaryndan başga ýagdaýlarda ýol berilmeýär.

15-nji madda. Jemgyýetiň eýeçiligi

1. Jemgyýet özüne degişli emläklerine we pul serişdelerine eýeçilik edýär, ulanýar we dolandyrýar. Jemgyýetiň eýeçiligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda goralýar.

2. Jemgyýetiň eýeçiliginde binalar, ymaratlar, desgalar, ýaşaýyş jaý gaznasy, ulag serişdeleri, enjamlar, gurallar, medeni aň-bilim we sagaldyş maksatly emläkler, pul serişdeleri, paýnamalar, beýleki gymmat bahaly kagyzlar we Jemgyýetiň Tertipnamasy bilen kesgitlenilen işleri maddy taýdan üpjün etmek üçin zerur bolan başga emläkler, şeýle hem intellektual işleriň netijeleri bolup biler.

3. Jemgyýetiň eýeçiliginde şeýle hem onuň Tertipnamalaýyn maksatlaryna laýyklykda hususy we gaýry serişdeleriň hasabyna döredilýän we satyn alynýan, tabynlygyndaky edaralar, neşirýatlar, köpçülikleýin haba beriş serişdeleri bolup biler.

16-njy madda. Jemgyýetiň emlägini emele getirmegiň çeşmeleri

1. Jemgyýetiň serişdelerini we özge emläklerini emele getirmegiň çeşmeleri şulardyr:

1) agzalyk tölegleri;

2) Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň, şeýle hem ýuridik şahslaryň meýletin pul we emläk gatançlary we gaýry haýyr-sahawatlyk bagyş etmeleri, wesýetnamalary, sowgatlary;

3) Jemgyýet tarapyndan geçirilýän sergilerden, lotereýalardan, auksionlardan we beýleki çärelerden gelýän girdejiler;

4) Jemgyýetiň işi bilen baglanyşykly maksatnamalary, taslamalary amala aşyrmakdan, hususy döwürleýin maglumatlary, neşir önümlerini çap etmekden we olary ýerlemekden gelýän girdejiler;

5) Jemgyýetiň täjirçilik däl işinden, hyzmat etmekden we neşirýat, medeni aň-bilim hem-de bilim bermek işlerini ýerine ýetirmekden gelýän girdejiler;

6) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki girdejiler.

2. Jemgyýet Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda täjirçilik däl telekeçilik işini amala aşyryp biler, ondan alnan girdejiler Jemgyýetiň agzalarynyň we onuň işine gatnaşyjylaryň arasynda paýlanylyp bilinmez we diňe Jemgyýetiň tertipnamalaýyn maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin ulanylýar.

3. Jemgyýet öz agzalarynyň we öz işine gatnaşyjylaryň borçnamalary boýunça jogap bermeýär, şonuň ýaly-da Jemgyýetiň agzalary we onuň işine gatnaşyjylar Jemgyýetiň borçnamalary boýunça jogap bermeýärler.

4. Jemgyýet kärhanalary döredip biler, şeýle hem täjirçilik däl telekeçilik işini alyp barmak üçin niýetlenilen emlägi satyn alyp biler. Jemgyýetiň kärhanalarynyň işi Jemgyýetiň maksatlaryny we wezipelerini ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly bolmalydyr.

5. Jemgyýetiň pul serişdeleri we özge emläkleri onuň agzalarynyň arasynda paýlanylyp bilinmez we olar diňe Tertipnamada göz öňünde tutulan maksatlar we wezipeler üçin ulanylýar.

17-nji madda. Döwlet tarapyndan Jemgyýetiň goldanylmagy

1. Türkmenistanyň döwlet edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Jemgyýete şu Kanunda göz öňünde tutulan wezipeleri onuň ýerine ýetirmegi üçin maliýe, maddy we gaýry goldawlary berip bilerler.

2. Döwlet goldawy Jemgyýetiň jemgyýetçilige peýdaly aýry-aýry maksatnamalaryny maksatlaýyn maliýeleşdirmek; işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek üçin şertnamalary baglaşmak; dürli döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek görnüşinde bolup biler.

3. Raýatlar, guramalar we wezipeli adamlar kanun esasynda bellenilen ygtyýarlyklaryň çäklerinde Jemgyýete, onuň işgärlerine we onuň tabşyryklaryny ýerine ýetirýän adamlara olaryň öz wezipelerini ýerine ýetirmekleri üçin goldaw berýärler.

4. Jemgyýetiň şu Kanunda göz öňünde tutulan işlerine päsgel berýän islendik hereketler gadagan edilýär.

18-nji madda. Jemgyýetiň salgytlary we ýygymlary tölemeginiň tertibi

Jemgyýetiň we onuň tabynlygyndaky ýuridik şahslaryň salgytlary, gümrük we beýleki ýygymlary tölemeginiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

19-njy madda. Adatdan daşary ýagdaýlar zolagynda Jemgyýete berilýän ýeňillikler

Adatdan daşary ýagdaýlar bolan halatynda Jemgyýetiň işgärleri we ynsanperwerlik kömeginiň ýükleri adatdan daşary ýagdaýlaryň bolýan zolagyna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlete degişli ulaglar bilen muzdsuz daşalýar.

20-nji madda. Jemgyýete binalaryň berilmegi

Jemgyýetiň we onuň guramaçylyk düzümleriniň işini üpjün etmek we dolandyryjy edaralaryny ýerleşdirmek üçin binalaryň, jaýlaryň we meýdanlaryň berilmegi muzdsuz amala aşyrylýar.

21-nji madda. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň Jemgyýetiň işine ýardam bermegi

Jemgyýet öz işi barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerine maglumatlary berýär. Döwlete degişli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Jemgyýetiň işi baradaky maglumatlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çap edýärler.

22-nji madda. Jemgyýetiň işini togtatmak, üýtgedip gurmak we bes etmek

Jemgyýetiň işini togtatmak, üýtgedip gurmak we bes etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

III BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

23-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.

24-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

Türkmenistanyň                                                             Gurbanguly

  Prezidenti                                                                    Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2012-nji ýylyň 22-nji dekabry.

 

№ 357-IV.