Bilelikde sagdyn jemgyýeti gurýarys

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygynyň dabaraly bellenmegi ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynda hem uly goldaw tapdy.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem öz gezeginde, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmäge saldamly goşandyny goşýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçündir” diýen baş taglymaty Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň alyp barýan işiniň ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen utgaşýar. Ol guramamyzyň saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik boýunça taslamalarynyň we maksatnamalarynyň esasyny düzýär.

Biziň guramamyzyň bu ugurdaky Strategiýasy, ilatyň saglygyny we ömrüni goramaga gönükdirlen durmuş üpjünçilik maksatnamalaryň hilini we gerimini giňeltmegi göz öňüne tutuýar. Keselleriň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän Milli maksatnamalaryň pudagara utgaşdyryjy toparynyň agzasy bolmak bilen, TGÝMJ-ti döwlet edaralary we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde keselleriň öňüni almak boýunça çareleri, habar beriş maglumatlary ýaýratmak, ynsanperwerlik we durmuş goldawyny bermek ýaly işleri amala aşyrýar.

“Jemgyýetçilik saglygy goraýşy we ilkinji kömek” maksatnamasynyň çäginde ilatyň arasynda ýokanç we ýokanç däl keseleriň öňüni almak, lukmandan deslapky ilkinji kömegiň endiklerini öweretmek we ýol hereket howpsyzlygy boýunça okuwlary geçirilýär. Bu bolsa, Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjynda kabul edilen “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we onuň bilen göreşmek boýunça Starategiýany” durmuşa geçirmeklige biziň goşýan goşandymyzdyr. Bu işleri biz Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy tarapyndan işlenip düzülen ýorite okuw gollanmalarynyň esasynda amala aşyrýarys. Şol sanda, çilimkeşligiň, arakhorlugyň, nädogry iýmitlenmegiň we adam bedeniniň hereketsizliginiň zyýany barada soraglary öz üns merkezimizde saklaýarys.

     Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň lukmandan deslapky ilkinji kömegiň endiklerini öweretmeklik boýunça okuwlarynyň Ýewropa standartlaryna laýyklygy hakynda halkara sertifikatynyň bolmagy bu ugurdan alnyp barylýan işleriň ýokary derejede geçirýändigini subut edýär. Bu resminama 2014-nji ýylda eýe bolundy. Jemgyýetiň bu okuwlaryna dürli edara-kärhanalar we daşary ýurt kompaniýalary isleg bildirýärler. Öz wagtynda berlen kömek adamyň janyny halas edip biler.

     Ýol hereket howpsyzlygy boýunça alnyp barylýan işler adamyň janyny we ömrüni goramaklyga gönükdirlendir. Bu işler esasan hem, mekdeplerde we çagalar bagynda alyp barylýar. Okuwlar reňkli plakatlary ulanmak arkaly, çagalar üçin düşnükli görnüşde gurnalan. Bu ugurda her ýylda üç ýüz sany okuwlaryň üsti bilen müňden gowurak çaga okadylýar.

    Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölüminiň beýleki iş ugurlarynyň biri hem, inçekeselli we kömege mätäç adamlara durmuş goldawyny bermekdir.

     TGÝMJ-niň saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik ulgamynda “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň saglygy goraýyş boýunça 2013-2015-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” kabul edilmegi işleriň öňe gitmegine itergi boldy. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny bilen baglylykda, Strategiýa Jemgyýetiň saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ulgamynda häzirki zaman infrastrukturasyny nazara alyp, iş ugurlaryndan garaşylýan netijeleri has takyk kesgitledi.

      Strategiýanyň esasynda biz howpsyz enelik, reproduktiw saglygy, adam janyny halas etmek üçin meýletin donorlygy (gan tabşykmalygy) wagyz etmek ýaly iş ugurlarymyzy güýçlendirdik.

     TGÝMJ-ti öz işinde diňe bir işgärlere daýanman eýsem, meýletinçileri işe çekmekligi giňden ulanýar. Ýörite taýýarlyk okuwlaryny geçen meýletinçiler okuwlary özbaşdak hem geçirip bilýärler. Meýletinçileriň kömegi bilen biz daş etraplarda we şäherlerde ilatyň dürli gatlaklarynyň arasynda öňüni alyş we sagaldyş çärelerini geçirmeklige giň mümkinçiligimiz bar. Her ýylda keselleriň öňüni almak we ilkinji kömegi bermegi owretmek boýunça gurşap alnan adamlaryň sany yüz müňden geçýär.

     Daş etraplarda saglyk toparlarynyň döredilmegini biziň öz ýeten sepgitlerimiziň biri diýip hasap edýäris. Bu toparlaryň düzümine ýerli häkimlikleriň wekilleri, mugallym, lukman, oba ýaşulysy we meýletinçi girýär. Toparlar ýerlerde sagdyn durmuşy wagyz edýän we ilatyň işjeňligine gönükdirlen çäreleri gurnaýarlar.

      Şeýlelikde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň koptaraply işinde «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, häzirki döwrüň talaplaryna we ugurlaryna esaslanyp, Milli Liderimiziň ilatyň saglygyny goramak hakynda maksatlaryny durmuşa geçirýär. Öz asylly işini mertebe bilen ýerine ýetirmek bilen TGÝMJ-ti adamsöýüjiligiň we duýgudaşlygyň ynsanperwer prinsipleriniň tarapdary bolup galýar.