BAŞ SAHYPA

Ýurdumyzda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýaş nesilleriň arasynda ýol herekediniň dogry düzgünlerini giňden wagyz etmek we olara ýolda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwrenmek maksady bilen, Sarahs etrabynyň 19-njy orta mekdebinde ,,Ýol hereketiniň düzgünleri “ atly etrap derejesinde aýdym-sazly dabara geçirildi.

Dabaraly çärä Sarahs etrap häkiminiň orunbasary, etrap bilim bölüminiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba ýaşulylary, Sarahs etrap polisiýa bölüminiň işgärleri gatnaşdy.

Jemgyýetiň meýletinçileri mekdep okuwçylar bilen bilelikde ýol herekediniň düzgünlerine degişli sahnalar gözkezip, swetoforyň yşyklandyryş belgileri, pyýadalaryň borçlary we ýol belgileriniň manylaryny çeperçilik bilen beýan etdiler.

Okuwçylar ýol herekediniň howpsyzlygyna hem-de Bagtyýar çagalyga bagyşlanan joşgunly goşgudyr aýdymlary ýerine ýetirip, baýramçylyk ruhuny artdyrdylar.Etrap derejesindäki guralan bu çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Täsirli geçen çärede ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, zehinini ýüze çykarmagy ugrunda taýsyz tagalla edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

  

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
25201391
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6444
26052
431621
595677
25201391

Siziň IP: 216.73.216.69
2026-10-20

Связь с нами