BAŞ SAHYPA

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Şöhle» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde her ýyl geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde guralan «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Jemleýji ýaryşa Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň umumybilim berýän mekdeplerinde okaýan 140 okuwçy gatnaşdy.

Bäsleşigiň esasy maksady ýaş nesliň arasynda ýokary hukuk medeniýetini yzygiderli kemala getirmek, olaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyna bolan oýlanyşykly we jogapkärçilikli çemeleşmesini ösdürmek, şeýle hem çagalaryň ýol-ulag hadysalarynda şikes almagynyň öňüni almakdan ybarat boldy. Bu başlangyç «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Bäsleşigiň dowamynda okuwçylar ýol hereketiniň düzgünleri boýunça bilimlerini, tertipliligini, pyýada we ýolagçy hökmünde howpsuz hereket etmek endiklerini ynamly ulanýandyklaryny, şeýle hem çylşyrymly ýol ýagdaýlarynda tiz we dogry ugur tapyp bilýändiklerini görkezdiler.

Bäsleşigiň maksatnamasynda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça synaga aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) meýletinçileriniň we hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda okuwçylar halkara standartlaryna laýyklykda taýýarlyklarynyň ýokary derejesini görkezdiler. Olar adatdan daşary ýagdaýlarda birek-birege kömek bermäge we dessine hereket etmäge taýýardyklaryny subut etdiler.

Nazary we amaly synaglaryň ählisini üstünlikli geçen bäsleşige gatnaşyjylar ýol hereketiniň düzgünleri boýunça bilimleriniň ýokary derejesini tassykladylar. Indi olar öz deň-duşlary üçin ýol hereketiniň medeniýetini berjaý etmegiň nusgasy bolar.

Çäre Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň gatnaşmagynda guraldy.

 

Gülälek Gurbanowa, 
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Guramaçylyk ösüş bölüminiň meýletinçiler we guramanyň agzalary bilen işleşmek boýunça hünärmeni

  

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
24329494
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
9747
20475
155401
418619
24329494

Siziň IP: 216.73.216.156
2026-09-10

Связь с нами