BAŞ SAHYPA

2025-nji ýylyň 20–24-nji oktýabry aralygynda Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň işjeň meýletinçileri üçin Milli okuw lageri geçirildi. Bu giň gerimli çärä ýurduň ähli künjeginden gelen 62 meýletinçi gatnaşdy. TGÝMJ-nyň işgärleri meýletinçiler üçin mazmunly we gyzykly okuw maksatnamasyny taýýarladylar. Meýletinçiler “Maşgala gatnaşyklaryny dikeltmek boýunça işler”, “SFERA taslamasy”, adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji kömek we psihologik goldaw bermek boýunça okuw sapaklaryna gatnaşdylar.
Lageriň iň täsirli pursatlarynyň biri “Reýd Kross” (“Çaknyşykda Ýardam”) atly oýun boldy. Bu oýun arkaly gatnaşyjylar halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça bilimlerini gyzykly we täsirli görnüşde ösdürdiler. TGÝMJ-niň işiniň möhüm ugurlarynyň biri hem halkara ynsanperwerlik hukugy we uruş kanunlary barada habarlylygy artdyrmakdyr. Oýnuň dowamynda meýletinçiler tussaglaryň, parahat ilatyň, esgerleriň we punkt işgärleriniň rollaryny ýerine ýetirdiler we söweş döwründe degişli düzgünleri öwrenip, amaly taýdan barladylar.
Okuw lageriniň dowamlylygynyň bir bölegi hökmünde meýletinçiler TGÝMJ bilen bilelikde Adatdan Daşary Ýagdaýlar boýunça birleşdirilen türgenleşiklere gatnaşdylar. Ol ýerde toparlara bölünip, ýagdaýly we real ýagdaýlary gaýtalaýan simulýasiýalar arkaly öz tejribelerini artdyrdylar.
Çäräniň aýratyn ähmiýeti bar, sebäbi oňa Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Maşgala gatnaşyklaryny dikeltmek boýunça sebitleýin wekili hanym Anna Berhe-Wallet we HGÝwe GHK-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy jenap Mihail Rahmanow gatnaşdylar.
Bu türgenleşikleriň esasy maksady adatdan daşary ýagdaýlara çalt jogap berip biljek topary taýýarlamak, koordinasiýany üpjün etmek, adatdan daşary ýagdaýlarda kömek we täzeden dikeldiş işlerini guramakdyr. Meýletinçiler bilen ýerli dolandyryş edaralarynyň we adatdan daşary ýagdaýlara jogap berýän guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýokary derejede ýola goýuldy. Zerur serişdeler we enjamlar taýýarlanyldy, ýygnanyş nokatlary döredildi.
Türgenleşigiň möhüm bölegi şertli betbagtçylyk zolagynda geçirilen simulýasiýa boldy. Bu ýerde meýletinçiler we TGÝMJ işgärleri çalt hereket etmek, sazlaşykly işlemek we meýdan şertlerinde taýynlygy görkezdiler.
Meýletinçileriň işine adatdan daşary ýagdaýlar boýunça hünärmen trenerler baha berdiler. Her bir meýletinçi öz borjuny jogapkärli ýerine ýetirdi we alnan bilimleri üstünlikli ulanyp bildi. Netijede, 62 işjeň meýletinçi adatdan daşary ýagdaýlara çalt jogap beriji toparyň düzümine taýýarlanyldy.
Lager meýletinçiler üçin tejribe alyşmak, döredijilik we dostluk meýdançasyna öwrüldi. Her welaýat öz aýratynlygyna laýyklykda gyzykly agşam maksatnamasyny we Gyzyl Ýarymaý künjegini taýýarlady.
Elbetde, bu günler meýletinçiler üçin ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi — olar täze dostlar tapdylar, bir bitewi topar boldular we täze ruh bilen öýlerine dolandylar. Bu okuw lageri meýletinçileri höweslendirmek, jemgyýetçilik işlerine bolan gatnaşygy berkitmek, aragatnaşyk we liderlik ukyplaryny ösdürmek üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
19945975
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4715
12562
180572
174407
19945975

Siziň IP: 216.73.216.86
2025-11-17

Связь с нами