BAŞ SAHYPA

2025-nji ýylyň 20–24-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň çäginde adatdan daşary ýagdaýlarda dolandyryş, gyssagly gulluklaryn̈ hereketleriniň utgaşdyrylmagy hem-de ejir çeken ilata dürli ugurlarda kömek bermek boýunça giň gerimli çäreler geçirildi.

Bu çärelerde TGÝMJ-niň bäş welaýat bölümleriniň işgärleri we meýletinçileri gatnaşyp, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny görkezmäge mümkinçilik döretdiler.

Çäreleriň ähmiýetini halkara hyzmatdaşlarynyň — Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) wekilleriniň gatnaşmagy has-da artdyrdy. Maşgalalary birleşdirmek boýunça sebit wekili hanym Anna Berhe-Wallet we HGHK-nyň Türkmenistandaky wekiliýetiniň başlygy jenap Mihail Rahmanow tejribe alyşmak we hereketleriň utgaşdyrylmagyna baha bermek maksady bilen Daşoguza geldiler.

Çäreler ýerli häkimiýet edaralary hem-de tebigy betbagtçylyklara jogapkär gulluklar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda geçirildi. TGÝMJ-niň işgärleri we meýletinçileri üçin ýygnanyşyk nokatlary döredilip, zerur serişdeler we enjamlar taýýarlanyldy.

Esasy tapgyrlaryň biri — şertli betbagtçylyk zolagynda geçirilen türgenleşik okuwlary boldy. Onda TGÝMJ-niň meýletinçileri we işgärleri meýdan şertlerinde çalt, sazlaşykly we netijeli hereket etmäge taýýarlyklaryny görkezdiler.

Okuwlaryň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlaryň dürli görnüşleri boýunça hereketleriň meýilnamasy we guralyşy işlenip taýýarlanyldy. Milli jemgyýetiň ýolbaşçy düzümi ýerine ýetirilen çäreleriň netijeliligine baha berip, jogap beriş ulgamyny kämilleşdirmek, meýletinçileri taýýarlamak we maddy-tehniki binýady giňeltmek boýunça möhüm ugurlary kesgitledi.

Şunuň ýaly çäreler adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni alyş we olaryň netijelerini aradan aýyrmagyň milli ulgamyny berkitmäge, şeýle hem ynsanperwer işleri ýerine ýetirýän ähli düzümleriň arasynda durnukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýar.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
19720916
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1241
6653
129920
307258
19720916

Siziň IP: 216.73.216.111
2025-10-25