BAŞ SAHYPA

Düzüminde müňlerçe agzalary, meýletinçileri bolan Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýet gaýragoýulmasyz meseleleri çözmäge işjeň gatnaşyp, döwletiň kömekçileri bolup durýar. Ilatyň arasynda amaly-okuw maslahatlary, wagyz-nesihat çäreleri yzygider gurnaýan Milli jemgyýet Baky Bitarap Türkmenistan döwletinde halkyň saglygyny goramakda, olara durmuş taýdan goldaw bermekde, ýaşlary milli däp-dessurlaryň ruhunda terbiýelemekde we ynsanperwerlik gymmatlyklary ýaýratmakda Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde saldamly goşant goşýar. Muňa baglylykda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) bilelikde “Ýer titremäniň we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligi ýokary bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpjün etmek we olara jogap bermek boýunça ýerli we milli mümkinçilikleri” atly taslamasy hereket edýär. Bu ugurda watana, halkyna hyzmat berýän meýletinçi ýaşlarymyzyň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, kämilleşdirmek, taslama boýunça olarda maglumat baýlygyny döretmek maksady bilen şu ýylyň oktýabr aýynyň 13-nde BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky milli wekilleri tarapyndan Milli jemgyýetiň welaýat bölüminde meýletinçileriň arasynda usuly okuw maslahaty geçirildi. Okuw çäresine meýletinçileriň 20 sanysy gatnaşdy.   

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Noyabr 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
27 28 29 30 31 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
19771995
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6592
6968
6592
174407
19771995

Siziň IP: 216.73.216.118
2025-11-01