Her ýyl giňden bellenilýän 3-nji dekabr – Halkara Maýyplar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan aýratyn many-mazmunly çäre gurnaldy. Bu baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Körler we Kerler jemgyýetiniň Daşoguz welaýat sebitindäki önümçilik ilkinji guramasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Çäräniň dowamynda welaýat bölüminiň "Zehin" ýaşlar merkeziniň meýletinçileri özleriniň taýýarlan döredijilik çykyşlaryny görkezdiler. Meýletinçiler joşgunly aýdym-sazly çykyşlary, belent ruhly tanslary hem-de terbiýeçilik ähmiýetli sahna oýunlary bilen gatnaşyjylaryň ünsüni özlerine çekdiler.




