BAŞ SAHYPA

2025-nji ýylyň 18-21-nji noýabry aralygynda Şweýsariýanyň Gyzyl Hajynyň wekili N.Derbishaliyew, Gyrgyzystanyň Gyzyl Ýarymaýynyň  N.Duisheeva, we Gazagystanyň Gyzyl Ýarymaýynyň wekili A.Kalmagalbetowa Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetinde (TGÝMJ) "Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek" atly taslamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik we baha bermek maksady bilen saparda  boldular.

Saparyň dowamynda iki sany: Aşgabat şäherindäki "Jeýhun" meýletinçiler merkeziniň we Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki "Alada" meýletinçiler merkeziniň meýletinçileri bilen duşuşdylar. Meýletinçiler myhmanlara TGÝMJ-niň çäklerindäki alyp barýan işleri barada jikme-jik gürrüň berdiler, şol sanda ýaşuly raýatlar we maýyplygy bolan adamlar üçin sosial işler, serişde toplamak (fundreýzing), bilim beriji çäreler, milli we halkara çärelere gatnaşyk, ekologiýa kampaniýalary we ş.m. barada prezentasiýalary we wideorolikleri görkezdiler.

Saparyň ahyrynda taslamanyň netijeleri jemlendi. Gatnaşyjylar Türkmenistanda meýletinçiligiň ösdürilmeginde gazanylan öňegidişligi, meýletinçilerimiziň işjeň üstünlikli gatnaşandygyny, olaryň döredijiligini we başlangyjyny belläp geçdiler. Şeýle hem, TGÝMJ-niň çäklerinde meýletinçilik işini geljekde has-da ilerletmek boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
20156658
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5677
12438
43357
347898
20156658

Siziň IP: 216.73.216.1
2025-12-04

Связь с нами