BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem-de BMG-niň Çagalar  gaznasy (UNICEF) tarapyndan bilelikde amala aşyrylýan “Ýer titremäniň we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligi ýokary bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpjün etmek we olara jogap bermek boýunça ýerli we milli mümkinçilikleri” atly taslamanyň iş meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda degişli okuw çäreleri dowam etdirilýär. Taslamanyň çäginde TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň meýletinçileriniň gatnaşmagynda milli konsultantlar tarapyndan okuw sapagy geçirildi. Okuw çäresinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak, tebigy betbagtçylyklara taýýarlygy kämilleşdirmek, şeýle hem ýerine ýetirilmeli hereketleriň tertibi barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle çäreler meýletinçileriň bilim we başarnyklaryny artdyrmaga, jemgyýetde howpsuzlyk medeniýetini ösdürmäge hem-de ilatyň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýär.

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
19887621
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
7665
13497
122218
174407
19887621

Siziň IP: 216.73.216.97
2025-11-12

Связь с нами