BAŞ SAHYPA

Biziň jemgyýetimiziň esasy baýlygy raýatlaryň saglygy, adam hakymda aladadyr. Bu boýunça Türkmenistanda uly taslamalar ýerine ýetirilýär. TGÝMJ- ti özüniň ýedi sany esasgoýujy ýörelgelerine laýyklykda, adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda olara gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegini öwretmäge çalyşýar. Jemgyýet öz ýörelgelerine esaslanyp, her bir adamyň    maşgalasynda, işinde, gezelençde islendik ýerde betbagytçylyga uçran adamalara, ruhy kömegini bermek we  lukmandan deslapky ilkinji kömek endiklerini öwretmek ýaly amaly okuwlary  yzygiderli geçirýär.

Ýurdumyzyň gülläp ösmeginde ýadowsyz zähmet çekýän: Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň  hünärmenleri, geçirilen  amaly okuwa  uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmaçylyk uniwerstitetiniň iýmit gigiýenasy kafedrasynyň hünärmenleri bolsa «Sagdyn iýmitlenmek» barada çykyşlary bilen öz goşandyny goşdular.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň esasy maksady Lukmandan deslapky ilkinji kömek endiklerini öwretmek bilen, adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji kömegi dogry ýerine ýetirip biljek adamlaryň sanyny artdymak bolup durýar. Biziň jemgyýetimiz ýaş nesliň ýlymly-bilimli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi uçin, ýaşlaryň arasynda  lukmandan deslapky ilkinji kömek amaly okuwlary yzygiderli geçirmegi dowam edýär.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
25 26 27 28 29 30 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
15720179
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5887
14282
70574
430988
15720179

Siziň IP: 18.97.14.88
2024-12-06