BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan Daşoguz şäheriniň “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan  çagalaryň arasynda suwda gark bolmagyň öňüni almaga bagyşlanan wagyz-nesihat  çäresi geçirildi.Çäräniň dowamynda hünärmenler çagalara suwda howpsuzlyk düzgünleri, suwa düşülende berjaý edilmeli esasy talaplar, açyk we ýapyk suw howuzlarynda özüňi dogry alyp barmagyň kadalary barada giňişleýin düşündiriş berdiler. Şeýle hem çagalara diňe rugsat edilen ýerlerde suwa düşmegiň, tälimçileriň we halas edijileriň görkezmelerini doly berjaý etmegiň, biri-birini howply hereketlere itermän, tertip-düzgüni saklamagyň möhümdigi aýratyn nygtaldy. Wagyz-nesihat çäresiniň maksady çagalaryň suwda bolup biljek howplar baradaky düşünjesini artdyrmak, olarda howpsuzlyk endiklerini kemala getirmek hem-de tomusky dynç alyş möwsüminde bolup biljek betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almaga ýardam bermekden ybarat boldy.

  

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
23824418
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
7192
7381
68944
414784
23824418

Siziň IP: 216.73.216.245
2026-08-07

Связь с нами