BAŞ SAHYPA

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän harby bölüminde 2026-njy ýylyň esasy çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda “Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň endikleri” barada bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň  we Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak bölümçesiniň degişli hünärmenleriniň emin agzasy bolup gatnaşan bäsleşikde adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan döwründe saglygyna şikes ýeten adama ilkinji gaýragoýulmasyz kömegi bermegiň ýollary, zäherli gaza garşy gorag geýimleriniň kada laýyk geýilmegi, şeýle-de harby gullukçylaryň özlerine mahsus çykyşlaryň alty şerti bilen ýaryşdylar. Manekenleri, şinalary, daňy ýaglyklary ulanmak bilen ýüze çykan hadysada lukmanlar gelmezinden öň lukmançylykda ulanylýan serişdeler tapylmadyk halatynda gol aşagynda bar zatlardan ýerlikli we dogry peýdalanmagyň amaly usullary görkezildi. Bäsleşigiň dowamynda çagyryş boýunça harby gullukçylaryň çykyş eden dersleri boýunça sowalnamalar akaly bilimleri barlanyldy. Adamyň ömrüni halas edip, saglygyny gorap saklamaga gönükdirilen kömegi bermegiň dogry ýollaryny bilmek öz şahsy jogapkärçiligiňi ýokarlandyrmak, ukyp-başarjaňlyga bolan ynamyňy artdyrýar.

  

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyun 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 1 2 3 4 5
23218949
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4430
15869
345104
454636
23218949

Siziň IP: 216.73.216.69
2026-06-23

Связь с нами