BAŞ SAHYPA

10.08.2026ỳ. Magtymguly etrabynda, — Köpetdagyň eteklerinde bosgunlaryň we gaçybatalga gözleýän adamlaryň köpçülikleýin gelmegi ýüze çykan ýagdaýynda  çäreleri görmek barada toplumlaýyn taktiki-ýörite okuw  geçirildi. Bu çärä ýurduň hukuk goraýjy edaralary we degişli pudaklaýyn düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň (TGÝMJ) Balkan welaýat bölümi hem gatnaşdy.

Okuw türgenleşiginiň esasy maksady — adatdan daşary  ýagdaýyna uçran adamlar üçin howpsuzlygy, lukmançylyk hyzmatyny we mynasyp ýaşaýyş şertlerini üpjün etmekde ynsanperwe rguramalarynyň we döwlet edaralarynyň taýýarlygyny barlamak  barat boldy. Okuwlaryň dowamynda Magtymguly etrabynda köpsanly adamy wagtlaýyn ýerleşdirmek üçin  niýetlenen çadyrlar şäherçesi gurnaldy. Şäherçäniň düzümine şular girdi: Hasaba alyş we ilkinji barlag nokatlary: gelýänleri anyklamak we olaryň esasy zerurlyklaryny kesgitlemek üçin.Ýaşaýyş bölümi: ýatylýan ýerler we iň zerur serişdeler bilen üpjün edilen ýörite çadyrlar. Lukmançylyk bölümi: gaýragoýulmasyz kömek bermek we sanitar-epidemiologik gözegçiligi amala aşyrmak üçin göçme gospitallar. Iýmit we gigiýena zolaklary: meýdan aşhanalary we göçme ýuwunmak üçin niýetlenen desgalar.

Geçirilen okuw türgenleşigi ähli düzümleriň özara sazlaşykly işini görkezdi we Türkmenistanyň halkara ynsanperwer kadalaryna ygrarlydygyny tassyklady. Ýurduň halkara hukugynyň çäklerinde migrasiýa amallaryny netijeli dolandyrmaga bolan taýýarlygy sebit durnuklylygyny üpjün etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

  

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
23997391
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6243
15232
241917
414784
23997391

Siziň IP: 216.73.216.246
2026-08-20

Связь с нами