BAŞ SAHYPA

2026-njy ýylyň awgust aýynyň 04-ne TGÝMJ-iň Lebap welaýat bölüminiň   Kerki etrap  wekili Ýa.Ýoldaşowanyň  Kerki etrabynyň Daşlyk geňeşliginde zähmet çekýän işgärleriniň gatnaşmagynda “Ösüşiň täze tapgyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti” atly Jemgyýetçilik  guramalar  bilen bilelikde wagyz-nesihat işleri geçirildi.

Çärede jemgyýetiň alyp  barýan  işleri  barada giňişleýin hem gyzykly gürrüň berildi. Şeýlede maşgala mukaddesligi, howanyň üýtgemegi bilen adamyň saglygyna  ýetirýän  zyýany barada, adam  saglygynyň esasy gymmatlygy  barada  aýdylyp geçildi.

Ýetip  gelýän baýramçylygyň öňi  syrasynda geçirilýän Halk  Maslahatynyň ähmiýeti halk köpçüliginiň goldamagynda il  bähbitli kararlaryň teklipleriň seredilýändigi we seljeriländigi  barada  gyzykly gürrüňdeşlik  boldy. Çäräniñ ahyrynda Türkmen halkymyzy bolelin asuda durmuşda ỳaşadỳan Hormatly Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyzyň  janlary  sag işleriniň  rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

  

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
23937129
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4653
13448
181655
414784
23937129

Siziň IP: 216.73.217.59
2026-08-16

Связь с нами