BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň meýletinçileri tarapyndan Görogly etrabynyň 8-nji çagalar bakja bagynyň körpeleriniň arasynda «Arassaçylyk we şahsy arassaçylyk» mowzugy boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynyň dowamynda meýletinçiler çagalara şahsy arassaçylygy berjaý etmegiň sagdyn durmuş ýörelgesindäki ähmiýeti barada giňişleýin düşündiriş berdiler. Şeýle hem elleri dogry we yzygiderli ýuwmagyň düzgünleri, arassaçylygyň kadalaryny gündelik durmuşda berjaý etmegiň zerurdygy barada gyzykly söhbetdeşlik geçirildi. Amaly görkezmeler arkaly çagalar elleri dogry ýuwmagyň usullaryny özleşdirip, arassaçylyk endiklerini berkitdiler. Çäräniň ahyrynda çagalar öwrenen bilimlerini we endiklerini gündelik durmuşynda ulanjakdyklaryny aýdyp, okuw sapagyna işjeň gatnaşdylar. Şeýle okuw çäreleri ýaş nesilde sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, şahsy arassaçylyk endiklerini berkitmäge we keselleriň öňüni almaga ýardam berýär.  

  

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
23824424
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
7198
7381
68950
414784
23824424

Siziň IP: 216.73.216.245
2026-08-07

Связь с нами