BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan Daşoguz şäheriniň "Bagtyýar nesil" çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Türkmenistanyň tebigatynda ösýän dermanlyk ösümlikler hem-de olaryň adam saglygy üçin ähmiýeti barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hünärmenler ýurdumyzda ösýän dürli dermanlyk ösümlikleriň şypaly häsiýetleri, olaryň halk lukmançylygynda we sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmekde eýeleýän orny barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem, Hormatly Arkadagymyzyň dermanlyk ösümliklere bagyşlanan gymmatly eserlerinde beýan edilýän ylmy maglumatlar, milli mirasymyzy gorap saklamak we ýaş nesilde tebigata söýgi döretmek baradaky pikirler aýratyn nygtaldy. Çagalar dermanlyk ösümlikleriň peýdasy, olary gorap saklamagyň ähmiýeti hem-de tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmegiň zerurdygy barada gyzykly maglumatlary uly höwes bilen diňlediler. Şeýle çäreler ýaş nesliň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge we milli gymmatlyklarymyza bolan hormaty pugtalandyrmaga ýardam edýär.

  

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
23589733
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11031
12841
249043
466845
23589733

Siziň IP: 216.73.217.100
2026-07-15

Связь с нами