Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň we Birleşen Milletler guramasynyň Çagalar gaznasynyň “Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpjün etmek we olara jogap bermek boýunça ýerli we milli mümkinçilikleri güýçlendirmek” taslamasynyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň edara jaýynda 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 03-de okuw çäresi geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň işgärleriniň we Lebap welaýat Bilim bölüminiň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Çäräniň dowamynda Birleşen Milletler guramasynyň Çagalar gaznasynyň wekili Bilim işgärleriň we jemgyýetiň meýletinçileriniň arasynda “Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy berkitmek üçin edilmeli işler” we “Ýaşyl mekdep” atly temasynda çykyş etdi. Okuwyň dowamynda gatnaşyjylar toparlara bölünip öz düşünjesini, ADÝ-da ediljek hereketler, taýýarlygy berkitmek maksady bilen edilmeli hereketler barada çykyş etdiler.






