BAŞ SAHYPA

“Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” yglan edilen 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly geçiriljek çäreleri ýokary derejede gurnamak üçin we her bir döwlet gulluklarynyň jogapkär işgärleri asuda ýurdumyzda höküm sürýän abadan durmuş, howpsuz ýaşaýyş üçin iň derwaýys çäreleriň biri bolan wagyz-nesihat çäreleriniň depginini güýçlendirdiler. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri hem şu geçirilýän çärelere işjeň gatnaşyp gelýärler.

         2026-njy ýylyň maý aýynyň 15-ne Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat bölüminiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat bölüminiň işgärleri bilen bilelikde Türkmenabat şäheriniň 40-njy orta mekdebinde, mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek, ýanýodalar boýunça ýöremelidigi, olaryň ýok ýerinde nähili hereket etmelidigi, köçeleri kesip geçmegiň kadalary, ýol belgileriniň aňladýan manysy, ýol yşyklarynyň reňk sazlaşygynda ýerine ýetirmeli hereketler boýunça “Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri” atly bäsleşik geçirildi. Gurnalan ýol hereketiniň düzgünlerini aňladýan bäsleşik bolsa okuwçylaryň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ýöriteleşdirilen geýimlerini geýip, deň-duşlary bilen ýollardaky hereket, ýol yşyklary we ýol belgileri barada sorag-jogap alyşmagyna, gysgajyk sahnalary ýerine ýetirmegine gollanma boldy. Şeýle çäreleriň geçirilmegi geljekde ýol hereketine gatnaşýan çagalaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, olaryň ýol hereketiniň düzgünlerini dogry ýerine ýetirmeklerine ýardam eder.

  

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyun 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 1 2 3 4 5
23218950
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4431
15869
345105
454636
23218950

Siziň IP: 216.73.216.69
2026-06-23

Связь с нами