BAŞ SAHYPA

26.06.2026 ýylyň TGÝMJ-iň  Merkezi  edarasynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky  Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň goldamagynda  "Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek we ynsanperwerlik çärelerinde Milli jemgyýetiň mümkinçiliklerini güýçlendirmek" taslamasynyň çäginde,  UNHCR-yň Gorag  meseleleri  boýunça hünärmeni hanym Hanifa  Kariminiň alyp barmagynda maglumat bermek  boýunça TGÝMJ-iň  Merkezi edaranyň hünärmenleriniň  meýletinçileriniň   arasynda  we Ahal welaýat bölüminiň işgärleriniň arasynda trening  geçirildi. Jemi 25 adam  gatnaşdy.

Okuw kursynyň dowamynda hanym  Hanifa Karimiň  BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky  Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň  alyp barýan  işleri bilen umumy tanyşdyrylyşy,Özüňi  alyp  barmagyň  kodeksi, Galplyk we korrupsiýanyň öňüni almak, Şahsy maglumatlary goramak we gizlinlik  ýaly soraglaryň üstünde  duruldy. Trening  sorag-jogaplaryň üsti bilen gyzykly  geçdi.

  

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyul 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
29 30 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 31 1 2
23463375
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10659
19928
122685
466845
23463375

Siziň IP: 216.73.216.195
2026-07-07

Связь с нами