BAŞ SAHYPA

Tomusky dynç alyş möwsüminiň  döwründe Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölümi ösüp gelýän ýaş nesliň diňe bir şadyýan däl, eýsem howpsuz dynç almagy barada hem alada edýär. Ýakynda şahamçanyň işgärleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Dayanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar üçin peýdaly we gyzykly interaktiw sapagyny gurnadylar.

Duşuşygyň esasy temasy tomusky işjeň oýunlar wagtynda döräp biljek dürli şikeslenmelerde ilkinji kömegi bermegiň esasy endiklerini öwretmekden ybarat boldy.

Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň hünärmenleri çagalara adatdan daşary ýagdaýlarda nähili dogry hereket etmelidigini düşnükli we gyzykly görnüşde gürrüň berdiler. Sapagyň maksatnamasy iň wajyp temalary öz içine aldy: Ýenjilmekde we siňir çekilmesinde ilkinji kömek: şikeslenen ýere sowuklygy nähili dogry goýmalydygy we ony nähili fiksirlemelidigi (gatamalydygy).

Ýaralary arassalamak we bejermek: gany duruzmagyň we iň ýönekeý sargylary daňmagyň howpsuz düzgünleri. Günüň we ýylylygyň urmagy: aşa gyzgynlygy wagtly-wagtynda nähili anyklamaly hem-de lukmanlar gelýänçä deň-duşlaryňa nähili kömek bermeli.Teoriýa bilimi şol bada tejribe bilen utgaşdyryldy. Çagalar uly höwes bilen halas edijileriň we şikes alanlaryň keşbine gerdiler: sargylary dogry daňmagy, elýeterli serişdelerden peýdalanmagy we iň esasy zat — gowgasyz, howsala düşmän gyssagly tiz kömek  çagyrmagy öwrendiler.

Guramaçylaryň bellemegine görä, şeýle sapaklaryň esasy maksady diňe bir gury görkezmeleri bermek däl, eýsem çagalarda öz güýjüne bolan ynamy, jogapkärçilik duýgusyny we kyn ýagdaýa düşenlere kömek etmäge taýýarlygy terbiýelemekdir. Balkan welaýat şahamçasynyň geçirýän şeýle çäreleri türkmen mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş gününi hakykatdan hem howpsuz we goragly etmäge ýardam berýär.

  

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyul 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
29 30 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 31 1 2
23463347
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10631
19928
122657
466845
23463347

Siziň IP: 216.73.216.195
2026-07-07

Связь с нами