BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň merkezi edarasynyň mejlisler zalynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda  Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar- Watanyň daýanjy”  atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Tamamlanan 2023-nji ýylyň  möhüm waka beslenendigini bellemek gerek. Şu ýylyň soňky günlerinde döwlet Baştutanymyz türkmen halkyna “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly ajaýyp eserini peşgeş berdi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu kitabyň neşir edilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Sebäbi bu eserde ýaş nesliň wekilleriniň jemgyýetimiziň durmuşyndaky eýeleýän ornuna mynasyp baha berilýär.

2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrymagynyň aýratyn manysy bardyr. Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan, 2024 ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýilip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýä hakydasy” maksatnamasynyň  sanawyna girizilmegi, Milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy-bularyň ählisi türkmen medeniýetiniň, sungatynyň şeýle-de edebiýatynyň dünýä ykrarnamsyna öwrülmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Täze — 2024-nji ýyl hormatly Prezidentimiz tarapyndan makullanan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda geçer.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Oktyabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 31 1 2 3
14669179
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
18040
19618
59633
508799
14669179

Siziň IP: 44.220.251.236
2024-10-03