Habarlar

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň döredilmeginiň 163 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde täsirli sergi guraldy. Bu çäre ynsanperwerligiň, rehimdarlygyň we birek-birege goldaw bermegiň beýik gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek maksadyny özünde jemledi. Sergä Daşoguz welaýatynyň Alp-Arslan adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagy çärä aýratyn many-mazmun berdi. Ýaşlar serginiň dowamynda diňe bir maglumat almak bilen çäklenmän, eýsem ynsanperwerlik ýörelgeleriniň durmuşdaky ornuna çuňňur düşünmek mümkinçiligine eýe boldular. Çäräniň dowamynda Halkara Gyzyl Haç hereketiniň esas goýujysy Anri Dýunanyň ömri, onuň dünýä derejesindäki ynsanperwer başlangyçlary hem-de bu hereketiň döreýiş taryhy barada gyzykly gürrüňler edildi. Bu bolsa talyplaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Sergi ýaş nesillerde rehimdarlyk, kömek bermäge taýýarlyk we jemgyýetçilik jogapkärçiligi ýaly gymmatlyklary ösdürmekde möhüm ädim boldy. Şeýle çäreler jemgyýetde ynsanperwerlik ýörelgeleriniň berkidilmegine uly goşant goşýar.

 

 

 

 

 

 

23038645
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10835
15425
164800
454636
23038645

Siziň IP: 18.97.9.168
2026-06-11

Связь с нами