Habarlar

Her ýylyň 1-nji oktýabrynda bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan Daşoguz welaýat häkimliginiň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde baýramçylyk çäresi geçirildi. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen dabaraly çärede ýaşulularyň jemgyýetimizdäki aýratyn orny, olaryň köpýyllyk durmuş we zähmet tejribesi, ýaş nesli terbiýelemekde we milli däp-dessurlarymyzy, maşgala gymmatlyklarymyzy dowam etdirmekde bitirýän hyzmatlary barada giňişleýin bellenildi. Baýramçylyk çäresi aýdym-saz çykyşlary bilen has-da şowhunly we täsirli boldy. Ýakymly aýdym-sazlar gatnaşyjylara baýramçylyk şatlygyny paýlap, dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Çäräniň dowamynda ýaşululara hormat-sarpa goýmagyň, olaryň durmuş tejribesine we paýhasyna uly ähmiýet bermegiň türkmen halkynyň asylly däpleriniň biridigi nygtaldy. Dabaranyň ahyrynda çärä gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle çäreler ýaşululara goýulýan uly hormatyň we sarpanyň aýdyň beýany bolup, nesilleriň arasynda özara hormat-sarpanyň hem-de agzybirligiň has-da berkemegine ýardam berýär.

  

 

 

 

 

25184382
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
15487
23115
414612
595677
25184382

Siziň IP: 216.73.216.116
2026-10-19

Связь с нами