Habarlar

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetinde “Howpsuzlyk töwekgelçiliklerini dolandyrmak” atly okuw geçirildi. Bu okuw UNHCR-yň “Adatdan daşary ýadaýlara taýýarlyk görmek we ynsanperwerlik çärelerinde Milli jemgyýetiň mümkinçiliklerini güýçlendirmek” taslamasynyň çäklerinde guraldy. Okuwy taslamanyň utgaşdyryjysy Arslan Owezow Taýlandyň Hua Hin şäherinde geçirilen UNHCR-yň sebitleýin okuwynda alan bilimlerine we tejribesine daýanyp geçirdi. Okuwyň esasy maksady hünärmenlere adatdan daşary ýagdaýlara has gowy taýýarlanmaga we agyr şertlerde ýaşaýan hem-de işleýän adamlary goramaga kömek etmekdi.

Sapaklarda  gatnaşyjylara howp, ejizlik we töwekgelçilik näme, olary nädip bahalandyrmaly we mümkin bolan netijeleri öňünden nädip azaltmak barada bilim aldylar. Meýdana çykmagyň howpsuzlygyna, hadysa ýüze çykanda edilmeli hereketlere, krizis wagtynda adamlar we habar beriş serişdeleri bilen aragatnaşyk saklamaga, şeýle-de işgärleriň özlerine — şol sanda stres bilen işlemäge — alada etmäge aýratyn üns berildi.

Netijede gatnaşyjylar gündelik işde çalt ulanyp boljak anyk başarnyklary özleşdirdiler, töwekgelçilikleri bahalandyrmak, howpsuzlyk meýilnamalaryny düzmek hem-de hadysanyň ilkinji minutlarynda parasatly we ynamly hereket etmek. Şeýle okuw ýurduň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almaga we olara netijeli jogap bermäge bolan taýýarlygyny güýçlendirýär, şeýle hem Türkmenistanyň UNHCR bilen hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýar.

  

 

 

 

 

Sentyabr 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
31 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 1 2 3 4
24656665
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
17564
19719
482572
418619
24656665

Siziň IP: 216.73.216.28
2026-09-25

Связь с нами