Habarlar

«Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň guramagynda «Garaşsyzlyk döwrüniň Halk maslahaty – milli jebisligiň we döwlet agzybirliginiň nyşany» atly maslahat geçirildi. Jemgyýetiň agzybir işgärleriniň, işjeň agzalarynyň we ruhubelent meýletinçileriniň gatnaşmagynda guralan bu çäre many-mazmuna örän baý boldy.

Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda birnäçe möhüm we taryhy temalar barada giňişleýin durulyp geçildi. Ilki bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35-ýyllyk baýramynyň ähmiýeti barada buýsanç bilen bellenildi. Şeýle hem ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň ýeňillikler, ýaş nesliň jemgyýetdäki we döwlet ösüşlerindäki aýratyn roly barada durlup geçildi. Çärede ýaňy-ýakynda geçirilen Halk Maslahatynyň taryhy kararlarynyň milli jebisligimizi has-da berkitjekdigi aýratyn nygtaldy.

Milli däp-dessurlarymyz we halkymyzyň asyrlar boýy ýaşadyp gelen ynsanperwerlik ýörelgeleri çäräniň baş temalarynyň biri boldy. Gözelligiň we bedew batly ösüşleriň nyşany hökmünde, ýakynda Niderlandlar Patşalygynda at üstünde geçirilen owadanlyk ýaryşy we onda türkmen bedewleriniň gazanan üstünlikleri uly buýsanç bilen bellenildi. Mundan başga-da, öňümizde duran möhüm wezipeler barada aýdylyp geçildi, 2026-njy ýylyň oktýabrynda geçiriljek çäreleri ýurdumyzda ykjam taýýarlyk görilýändigi we olary ýokary guramaçylykly geçirmek meseleleri ara alnyp maslahlaşylýandygy barada aýdylyp geçildi.

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň ähli işgärlerini, agzalaryny we meýletinçilerini mukaddes Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gyzgyn gutlanyldy.

Çärede çykyş edenler halkymyzy bagtyýar geljege we rowaçlyklara alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk bildirip, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

  

 

 

 

 

Sentyabr 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
31 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 1 2 3 4
24656662
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
17561
19719
482569
418619
24656662

Siziň IP: 216.73.216.28
2026-09-25

Связь с нами