Habarlar

Şu gün, ýagny 1-nji oktýabrda, paýhasy, tejribäni we mähirliligi şöhratlandyrýan Halkara ýaşulular güni bellenilip geçilýär. Bu sene mynasybetli, Türkmenistanyñ Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy şäherindäki işgärleri we meýletinçileri tarapyndan şäherdäki "Saher" kafesinde ýaşulular üçin "Nesilleriň arasyndaky baglanyşyk" atly dabaraly çäre gurnaldy. Dabaranyň taýýarlanmagyna ýaşulular we maýyplygy bolan adamlar üçin niýetlenen ýerli sosial hyzmat merkeziniň işgärleri, şeýle-de Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän toplumynyň Medeniýet we sport köşgüniň işgärleri ýardam berdiler. Çärede dürli bäsleşikler geçirilip, soňunda gatnaşanlara sowgatlar gowşuryldy. Onda saz-söhbetler ýaňlanyp, ýürekden çykýan hoşniýetli arzuwlar beýan edildi. Çärä gatnaşanlaryň ählisi hoşal boldular we bu senäni bellemek mümkinçiligini döredendikleri üçin Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň meýletinçilerine hem-de işgärlerine özleriniň çyn ýürekden hoşallygyny bildirdiler.

 

  

 

 

 

 

 

 

25007094
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
18102
21740
237324
595677
25007094

Siziň IP: 216.73.216.196
2026-10-11

Связь с нами