Habarlar

TÜRKMENABAT. 1-nji oktýabrda — Halkara ýaşulylar güni mynasybetli Türkmenabat şäherindäki Gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara hyzmat edýän edarasynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu dabarada Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat şahamçasynyň «Gaýrat» ýaşlar merkeziniň meýletinçileri merkezdäki ýaşulylaryň göwnüni götermek üçin öz taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen çykyş etdiler. Ata-babalarymyzyň ýaşulylara hormat goýmak baradaky haýyrly däplerine eýerilip geçirilen bu çäre örän şadyýan we mähirli ýagdaýda geçirildi. Ýaşulylar ýaşlyk ýyllaryny ýatlap, dabaraly çykyşlara uly höwes bilen gatnaşdylar hem-dе ýaş meýletinçilere mähirli el çapyşmalary bilen minnetdarlyk bildirdiler. Dabaranyň ahyrynda uly nesliň wekilleri ýaşlaryň joşgunly aýdymlaryna goşulyp, meýletinçiler bilen bilelikde şowhunly ýagdaýda göwünlerini göterip, dabaranyň şatlygyny paýlaşdylar.Maksatnama tamamlanandan soň, merkezdäki ýaşulylara lezzetli süýjülikler we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. «Gaýrat» ýaşlar merkeziniň meýletinçileri ýaşulylar bilen hoşlaşanlarynda, bu merkeze ýygy-ýygydan gelip durjakdyklaryna söz berdiler.

 

  

 

 

 

 

 

 

25007124
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
18132
21740
237354
595677
25007124

Siziň IP: 216.73.216.196
2026-10-11

Связь с нами