Habarlar

2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 5–9-ne aralygynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň (TGÝMJ) Saglygy goraýyş we durmuş we üpjünçilik bölüminiň işgäri Aşgabatdaky ÝHHG-niň Merkeziniň ýardam bermeginde Duşanbe şäherinde geçirilen okuw saparyna gatnaşdy. Okuw sapary Türkmenistanda maşgalalarda gender deňsizliginiň we zorlugyň öňüni almak, olara garşy göreşmek hem-de zorlukdan ejir çeken adamlary goramak ugurlarynda işleýän wekiller üçin guraldy. Saparyň dowamynda gatnaşyjylar gender deňsizligi öňüni almak boýunça milli mehanizmler, hukuk goraýjy edaralaryň tejribesi we pudagara hyzmatdaşlygyň usullary bilen tanyşdylar. Zorlukdan ejir çeken adamlara lukmançylyk, psihologik, sosial we hukuk kömegini bermek, şeýle hem zenanlaryň serişdeler merkezleriniň we ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň işi aýratyn üns merkezinde boldy. Saparyň dowamynda alnan bilimler we tejribe TGÝMJ-niň psihososial goldaw, durmuş goragy hem-de ilatyň dürli toparlary bilen işleşilende gender aýratynlyklaryny nazara alýan çemeleşmeleri ulanmak boýunça hünär mümkinçiliklerini berkitmäge ýardam eder.

  

 

 

 

 

25184422
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
15527
23115
414652
595677
25184422

Siziň IP: 216.73.216.116
2026-10-19

Связь с нами