Habarlar

Halkyň bagtyýar, bölelin, sagdyn, asuda  durmuşda ýaşamagy ugrunda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde yurdumyzda alnyp barylýan işler ýetilýan belent sepgitler gönüden-göni halkyň bähbidine gönükdirilendir. Ata Watanymyz ahli pudaklarda ösüşlere baý bolup her ýyly öz mynasyp ady bilen garşylap,  geçen ýyly  taryha altyn harplar bilen ýazylan ýyllaryň biri bolup, Täze ýyly uly şatlyk şowhun bilen garşylaýar. Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hem belent maksatlary, ägirt uly tutumlary öňde goýup, röwşen geljegine tarap bedew bady bilen okgunly öňe barýan berkarar Watanymyz köptaraply üstünlikleri arkaly dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni hemişe özüne çekýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” täze ýyly mynasybetli  Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň  gurnamagynda Türkmenbaşy etrabynyň çägindaki kömege mätäç, maýyplykda hasapda duran, döwletli 14 ýaşa çenli çagalaryň ruhuny ýokarlandyrmak maksady bilen taze ýyly dabaraly belläp süýjülik sowgatlary paýlanyp berildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň meýletinçileri her bir ýagdaýy bolmadyk ýarawsyz çagalaryň öýlerine baryp olar bilen duşuşyp, olaryn şatlygyny deň paýlaşyp olara gyzykly pursatlar bilen süýjilik sowgatlaryny gowşurdylar. Meýltinçiler ynsanperwerlik ýoly bilen ýerine ýetirilýän isleriň ozlerinde goýýan uly täsiri, kalplary uly şatlyk duýgusy bilen dolup möwç urýandygyny uly buýsanç bilen aýtdylar. Bizi şeýle mizemez durmuş hakykatlarynyň dabaralanýan, ykballaryň gül açýan ajaýyp zamanasynyň- Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň rowana ak ýollary bilen röwşen geljege alyp barýan  Milli lider Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe janlary sag, başlary dik bolup, il-ýurt bähbitli beýik tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

 

 

 

Mart 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
23 24 25 26 27 28 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
21652332
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13178
13843
94966
411958
21652332

Siziň IP: 216.73.216.189
2026-03-07

Связь с нами