Habarlar

Bu ýyl ýurdumyz möhüm taryhy senäni — Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýär. Bu baýramçylyk parahatçylygy, durnuklylygy we döredijiligi alamatlandyrýar. Bu möhüm wakanyň öňüsyrasynda biziň ỳolbaşçymyzyñ üstünlikleriniň iň ýokary derejede ykrar edilmegi aýratyn begendirijidir.

Üstünligiň we ygrarlylygyň nyşany Bitaraplygyň 30  ýyllygy   mynasybetli baýrak almak  Maral Ataýewnanyň diñe  şahsy üstünlikleriniň ykrar edilmeginden has köp zatdyr. Bu onuň köp ýyllyk yhlasly işiniň, hünär borjuna ygrarlylygynyň we jemgyýete peýda getirmek üçin tüýs ýürekden edýän isleginiň subutnamasydyr. Onuň ýolbaşçylygynda Gyzyl Ýarymaýyñ Balkan welaýat bölüminiň topary Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysady we sosial kuwwatyny pugtalandyrmaga öz goşandyny goşýar.

Hemmämiz üçin Marala Ataýewna häzirki zaman lideriniň nusgasydyr: paýhasly, maksada okgunly we öňdengörüji. Onuň täze çemeleşmeleri milli däp-dessurlara çuňňur hormat goýmak bilen utgaşdyrmak ukyby bize ajaýyp netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Biz her bir sylagyň arkasynda ägirt uly jogapkärçiligiň we Türkmenistanyň asuda asmanynda işimiziň gülläp ösmegini üpjün etmek üçin bagyşlanan ukusyz gijeleriň bardygyny bilýäris. TGÝMJ-niñ BWB-niñ agzybir işgärleri Maral  Ataýewnany bu hormatly baýrak bilen tüýs ýürekden gutlaýar!

 

 

 

 

 

 

Oktyabr 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
25295212
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5136
24649
525442
595677
25295212

Siziň IP: 216.73.216.146
2026-10-24

Связь с нами