Habarlar

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri 2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Görogly etrabynyň 65-nji orta mekdebiniň okuwçylaryň arasynda möhüm ähmiýetli "Adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji ruhy goldaw"  okuw sapagyny geçirdiler.

Okuw sapagynda okuwçylara betbagtçylyk, tebigy we tehnogen hadysalar ýüze çykanda nähili hereket etmeli, nädip öz stresiňi dolandyrmaly, gorkan ýa-da ruhy taýdan kyn ýagdaýda bolan adamlara ilkinji psihologik goldawy bermegiň ilkinji ädimleri barada düşündiriş berildi. Şeýle hem, sapagyň dowamynda dürli tejribeli ýagdaýlaryň mysallary getirildi, sorag-jogaplar gurnalyp, okuwçylaryň düşünjesi has-da giňeldildi. Geçirilen okuw sapagy okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi. Olar alnan maglumatlaryň geljekde durmuşy ýagdaýlarda peýdaly boljakdygyny bellediler.

 

 

 

 

23657470
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5705
13026
316780
466845
23657470

Siziň IP: 18.97.14.87
2026-07-21

Связь с нами