BAŞ SAHYPA

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde, ýerli Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň işgärleri, Migrasiýa Gullugynyň wekilleri, häkimligiň işgärleri, harby bölümleriň işgärleri, meýletinçiler bilen bilelikde, "Resminamasyz  we raýatlygy bolmadyk adamlara hukuk kömegi" mowzugy boýunça çäre geçirildi.               Çäreleriň dowamynda birnäçe ýyl ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy  howandarlygynda raýatlygy ýok etmek boýunça global kampaniýanyň başlandygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda dünýäde raýatlygy bolmadyk takmynan 10 million adam bar. Her on minutda dünýäniň bir ýerinde raýatlygy bolmadyk çaga dünýä inýär. Bosgunlaryň ýagdaýy baradaky 1951-nji ýyldaky konwensiýa we 1998-nji ýylyň 2-nji martynda Bosgunlaryň ýagdaýy bilen baglanyşykly 1967-nji ýyldaky teswirnama goşulmazdan ozal Türkmenistan ilkinji bosgun kanunyny 1997-nji ýylda kabul etdi. 1998-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistan hökümeti we BMG-nyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy bilen bilelikde hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi. Ylalaşyga laýyklykda BMG BMCK-ty bosgunlaryň we gaçybatalga gözleýänleriň hukuklaryny we abadançylygyny goramak we bosgunlara uzak çözgüt tapmaga kömek etmek baradaky esasy maksadyny ýerine ýetirmäge ygtyýarlydyr.  Türkmenistan, Merkezi Aziýada raýatlygy bilen baglanyşykly konwensiýalara goşulan ýurtdyr. 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda hökümet ýüze çykarylan,  raýatlygy ýok adamlara kömek etmek we raýatlygy ýok etmegiň öňüni almak üçin degişli kepillikleri bermek, şol sanda raýatlygy ýok adamlaryň ýagdaýyny kesgitlemek üçin degişli meýilnamalary kabul etdi.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
25 26 27 28 29 30 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
15720473
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6181
14282
70868
430988
15720473

Siziň IP: 18.97.14.88
2024-12-06