Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň şanyna Türkmenistanyň Prezident Permana gol çekdi, şoňa laýyklykda ýurdyň raýatlarynyň uly topary döwlet sylaglary bilen sylaglandy.
Sylaglananlaryň arasynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý illi jemgyýetiniň işgäri, "Milli jemgyýetiniň ynsanperwerlik işinde kömekçi wezipesini goldamak" taslamasynyň utgaşdyryjysy Witaliý Wladimirowiç Zasepin "Watana bolan söýgüsi üçin " medaly bilen sylaglandy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň sosial-ykdysady ösüşine goşant goşan raýatlarymyz 25 sentýabrda sylaglanyldy.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ähli işgärleri Witaliý Wladimirowiçi gutladylar we oňa gelejekde ynsanperwer işinde üstünlik arzuw etdiler.