BAŞ SAHYPA

Tassyklanan senariýa görä, goňşy ýurtdan gelen bosgunlar watanymyzyň serhedinden geçdiler. Olar serhetde garşylandy we awtobus bilen wagtlaýyn ýaşaýyş lagerine äkidildi. Gyzyl Ýarymaý we beýleki guramalaryň wezipesi ezilenlere mynasyp jaý bermek. Amatly durmuş üçin ähli şertleri bolan wagtlaýyn ýaşaýyş ýerler, hasaba alyş nokady we buýruk posty, lukmançylyk merkezi, mekdep we çagalar bagy, naharhana, gumanitar kömek paýlaýyş nokady we beýleki durmuş goldaw nokatlary döredildi. TGÝMJ-niň Balkan welaýat bölümi, ýaşaýyş pudagy we ynsanperwer kömeginiň paýlanyş nokadyna jogapkärdi. Olar Maşgala çadyrlary gurnady we zerur zatlar: düşek, sanitariýa we arassaçylyk enjamlary bilen üpjün etdi. Şeýle türgenleşikleriň maksady, ähli ýagdaýda bosgunlary kabul etmek operasiýasynyň üstünlikli bolmagy üçin ähli guramalaryň we edaralaryň taýýarlygyny ýokarlamdyrmak maksady bilen geçirilýär.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
13654017
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
9646
18716
503895
581236
13654017

Siziň IP: 3.149.238.239
2024-07-27