Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de ABŞ-yň konsalting kompaniýasy bolan QED Group LLC ABŞ-yň ilçihanasy, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen bilelikdäki ylalaşygy esasynda ýurdumyzda Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleriniň, meýletinçileriniň we höwesjeň ýaşlaryň, ylaýta-da mekdep ýaş aýratynlygy bolan okuwçylaryň iňlis dili boýunça ýokary hilli bilim almaklaryna ýardam bermekde maksatnama durmuşa geçirilýär. Muňa baglylykda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi köp taraply ynsanperwer iş ugurlaryny amala aşyrmak bilen welaýatyň çäginde ýaşaýan we okap terbiýe alýan çagalaryň mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, bölümiň döwrebap abzallaşdyrylan okuw otagynda iňlis dilini çuňňur öwrenmäge höwesjeň ýaşlarmyz üçin tapgyrlaýyn tölegsiz iňlis dili sapaklaryny geçirýär.