1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Daşoguz şäheriniň 36-njy çagalar bagynyň körpeleriniň arasynda “Goý ýaňlansyn çagalaryň gülküsi” ady bilen baýramçylyk ertirligi geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde bagtly çagalygy üpjün etmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan mukaddes maşgala ýörelgelerine eýerip, ýaş nesil aýratyn söýgi üns alada bilen gurşalýar. Olaryň çagalykdan edep-terbiýeli başarjaň, kämil ylym-bilimli, berk bedenli we sagdyn ruhly bolup ösmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Bagtyýarlyk zamanasynda bagtly çagalygy başdan geçirýän ýaş nesiller durmuşymyzyň gül gunçalarydyr, ertirki kämil şahsyýetlerdir.Çagalary goramagyň halkara güni ýurdumyzda şatlyk-şowhunly dabaralara beslenip uludan bellenilýär.