25-nji maý! Baýramçylyk ruhy, bahar joşguny, gülleriň ysy, çagalaryň gülküsi. Aşgabat şäheriniň gününe mahsus şeýle ajaýyplyklaryň goýnunda gujagy gül çemenlerinden doly mekdep uçurymlarynyň säher bilen milli mukaddesliklerimize tagzym etmekleri milli buýsanjyň belentliginden, bagtyýar geljege ynamyň berkliginden, Watana söýginiň çäksizliginden nyşan. Ata- Watanymyzyň ahli künjeginde Aşgabat şäheriniň gününi, 25-nji maý soňky jaň dabarasy mynasybetli baýramçylyk çäresi bellenip geçilýär. Bu ady agzalan baýramçylyk Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda hem şatlyk-şowhun bilen dabaraly bellenilip geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mekdepleri tamamlaýan oglanlar-gyzlar ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalarymyzyň, durmuş-ykdysady, medeni bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde esasy daýanjymyzdyr. Öz ykbalyny beýik we tutumly işler bilen berk baglanyşdyrmak – Garaşsyz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermek, il-günümiziň bagtyýar durmuşy ugrunda okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek uly bagtdyr, abraý-mertebedir. Şoňa görä-de eziz Watanymyzda abadan geljegi üçin bilim, ylym, hünär almak, gurmak, döretmek, tutanýerli zähmet çekmek, elmydama kämillige ymtylmak täze durmuşa gadam basýan ýaşlarymyzyň belent borjy we esasy maksady bolmalydyr. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanýan üstünliklerimizde, ýetýän belent sepgitlerimizde ýaşlaryň hyzmaty örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwerlik ýol-ýörelgelerinden ugur alyp biz ýaşlar üçin edýan atalyk aladalaryna jogap edip Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň meýletinçileri hem dürli çärelere we ynsanperwerlik işlerine işjeň gatnaşyp öz başarnygyny görkezýärler. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynda etrabyň orta mekdeplerinden düzülen orta mekdebi tamamlaýan meýletinçileri soňky jan dabarasy mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölümi tarapyndan geçirilen dürli çärelere we ynsanperwerlik işlerine işjeň gatnaşanlygy üçin Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň meýletinçilerini
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölümi tarapyndan Hormat haty we höweslendiriji sowgatlary gowşuryldy. Dabaraly pursatlaryň şaýady bolan bagtyýar ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri uçin döredip beren ähli mümkinçiliklerine çäksiz buýsançly sölerini aýtdylar. Şeýle ajaýyp zamanada ýaşamak, döretmek, okamak, işlemek üçin ähli şert mümkinçilikleri döredip berýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun!
TGÝMJ-niň BWB-niň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň
wekili: GÜLAÝYM BEGMÄMMEDOWA