BAŞ SAHYPA

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz,hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bagtyýar ýaş nesillerimiziň abadan,parahat,eşretli durmuşda ýaşamaklary,dünýäniň ösen,iň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan tomusky dynç-alyş merkezlerinde döwrebap bilim-terbiýe almaklary,sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklygy, zähmetsöýer, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.Şonuň netijesinde hem tomusky dynç alşa çykan mekdep okuwçylarynyň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin alada edilýär.

TGÝMJ-niň  hünärmenleri 2024-nji ýylyň 5-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň ‘’Altyn Damja’’  atly  çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda ‘’Adatdan daşary ýagdaýlarda özüni alyp barmagyň düzgünleri’’,’’Lukmandan deslapaky ilkinji kömek bermegiň endikleri’’, mowzuklardan wagyz-nesihat işleri geçirildi. Çagalar oňa  gyzyklanma bilen işjeň gatnaşdylar.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Oktyabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 31 1 2 3
14670008
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
18869
19618
60462
508799
14670008

Siziň IP: 44.220.251.236
2024-10-03