BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda 30 ýyllyk hyzmatdaşlyk: gelejegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly bilelikdäki konferensiýany geçirdi. Bu çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, bölümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik korpuslarynyň gatnaşmagy bilen, Ýewropa Bileleşiginiň maksatnamalary we taslamalary barada gürrüň edildi. Maslahat, bilim, söwda, howpsuzlyk we ýaşyl ykdysadyýet ýaly üstünlikli hyzmatdaşlyk taslamalaryna bagyşlanan temalarynyň çäginde işini dowam etdirdi.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyun 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
27 28 29 30 31 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
12817505
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
15796
24348
248619
602266
12817505

Siziň IP: 44.192.48.196
2024-06-12