BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Ahal welaýat bölümi, çagalaryň oňat dynç almagy, wagytlaryny şadyýan geçirmekligi, birek – birek bilen dostlaşmagy, dürli ugurlardan öz ukybyny, zehinini artdyrmagy üçin çäreleri yzygiderli geçirýär.   Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen  №45-nji orta mekdebiniň  sport meýdançasynda, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölümi, Ahal welaýat Polisiýa Müdirliginiň polisiýa ýol gözegçilik bölümi bilen bilelikde, meýilnama esasynda Ahal welaýat derejesinde  “Ýol hereketiniň-ýaş gözegçileri” atly  bäsleşik geçirildi.  ,,Ýaş gözegçileriň” sportuň tigir sürmek, nyzama durmak, çatyryk, ýaş sanitar, wagyz-nesihat  topary, ýol hadysasynda gabat gelýän heläkçilige uçran adamlara “Lukmana  çenli ilkinji kömek” bermekligiň kadalary, gan akmalar, şikeslenmeler, ýanyklar we huşsyz ýagdaýynda ilkinji kömek bermegiň endikleri boýunça bäsleşikler geçirildi.

Bäsleşigiň netijesinde Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň başarnykly ýaş gözegçileri Baş baýraga mynasyp boldylar. Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň ýaş gösegçileri 1-nji orna, Kaka etrabynyň ýaş gözegçileri II-nji orna, Sarahs etrabynyň ýaş gözegçileri III-nji orna mynasyp boldylar.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyun 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
27 28 29 30 31 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
12818817
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
17108
24348
249931
602266
12818817

Siziň IP: 44.192.48.196
2024-06-12