BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri we meýletinçileri A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebi bilen bilelikde sapak geçirdiler. “Möhüm zat hakynda gürrüň” diýip atlandyrylan mekdep meýilnamasyndandaky synp sagady Gyzyl Ýarymaýda meýletinçi bolmak bilen bagly meselelere bagyşlandy.

Bu sapagyň gatnaşyjylary 1-nji synp okuwçylary boldy. Mowzuk bilen tanyşlyk wideo-ýazgylaryň görkezilmegi we meýletinçiiň ýoly hakyndaky gürrüňler bilen başlandy.

Soňra çagalar TGÝMJ-niň wekilleri bilen bilelikde “Meýletinçiniň agajy” diýlip atlandyrylan diwar gazetini ýasamak bilen meşgullandylar. Synp sagady okuwçylaryň arasynda sorag-jogap görnüşli oýnuň guralmagy bilen jemlendi.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
13654520
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10149
18716
504398
581236
13654520

Siziň IP: 3.145.176.49
2024-07-27