BAŞ SAHYPA

19.06.2025 ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň wekilhanasynda ýaşlar üçin  geçirilen “Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar üçin tomusky okuw  sapaklary” atly okuw çäresinde TGÝMJ-niň hünärmenleri  we meýletinçileri, lukmandan  deslapky ilkinji kömek we Adatdan  daşary  ýagdaýlarda ilkinji ruhy  goldaw   bermek ýaly  endikleri boýunça  okuw  sapaklary  geçirildi. Okuw  kursynda berlen maglumatlarda  interaktiw okuw usullaryny ulandylar we simulýasiýa üsti bilen   gatnaşyjylara lkinji kömegi bermäge mümkinçilik döredildi. Şeýle işler diňe bir ýaşlaryň ilkinji lukmançylyk kömegi baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, adatdan daşary ýagdaýlarda kömek etmek ukybyna bolan ynamyny artdyrdy. Ýaşlar  geljekde bolup biljek  Adatdan  daşary  ýagdaýlarda  olaryň  ornunyň  wajypdygyna  düşündiler  we ony tejribede  görkezdiler.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyun 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
26 27 28 29 30 31 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 1 2 3 4 5 6
18692943
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6697
14663
442583
486034
18692943

Siziň IP: 216.73.216.169
2025-06-29