BAŞ SAHYPA

2025-nji ýylyň iýun aýynyň 19-na Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Saglygy Goraýyş we durmuş üpjünçilik bölüminiň işgärleri “Abadan Haly” Açyk paýdarlar jemgyýetinde okuw maslahatyny geçirdiler. Bu çäre, taslamanyň işgärleriniň inçekesel, onuň alamatlary, ýokuşma we öňüni alyş usullary barada gürrüň berdiler. Jemgyýetiň işgärleri keseli ir ýüze çykarmagyň, lukmançylyk kömegini wagtynda bermegiň we bejerginiň dowamynda lukmanlaryň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň ähmiýeti barada aýtdylar. Şeýle hem, inçekesel näsaglary goldamakda jemgyýetiň ähmiýeti barada düşündirişler berdiler. Duşuşyk gyzgalaňly gepleşik görnüşinde geçirildi: gatnaşyjylar işjeň sorag berdiler, pikir alyşdylar we peýdaly maglumatlar üçin minnetdarlyk bildirdiler. Çäräniň ahyrynda maglumat materiallary paýlandy.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
18630452
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5687
15529
380092
486034
18630452

Siziň IP: 216.73.216.20
2025-06-25